Ï Lebaply telekeçiler senagat önümlerini eksport edýärler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Lebaply telekeçiler senagat önümlerini eksport edýärler

view-icon 4546
Lebaply telekeçiler senagat önümlerini eksport edýärler

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolup durýan, Lebap welaýatynda ýerleşýän hususy kärhanalar şu ýylyň başyndan bäri 2 million 161 müň 758 amerikan dollaryndan gowrak senagat önümlerini daşary ýurtlara eksport etdiler. Bu bolsa milli pul birliginde alnanda iberilen harytlaryň bahasynyň 7 million 566 müň manatdan aşandygyny görkezýär.

Eksporta ugradylan harytlaryň arasynda izogam, suwuk bitum mastikasy, polipropilen haltalar, akkumulýator batareýalary, geýim-gejimlik nah pagta, senagat garyndy suwuklygy agdyklyk edýär. Welaýatyň telekeçileriniň öndüren önümleri esasan Özbegistan, Türkiýe, Belarus, Owganystan, Gyrgyzystan, Azerbaýjan we Hytaý döwletlerine iberildi. Iň köp girdeji getiren harytlaryň hatarynda gurluşyk işlerinde giňden ulanylýan izogam durýar.

Welaýat boýunça nah mata pamygyny öndürýän “Gaýrat”, akkumulýatorlar batareýasyny öndürýän “Kökçi”, çig ýag turşulygyny öndürýän “Döwrebap iş” hususy kärhanalarynyň hem daşary döwletlere çykarýan önümleriniň mukdarynyň barha artýandygyny belläp geçmek möhümdir.

Lebaply telekeçileriň geçen 5 aýyň dowamyndaky görkezijileri olaryň öz ýokary hilli önümleri bilen daşary ýurt bazarlaryny ynamly özleşdirýändiklerine şaýatlyk edýär.