mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

«Degreplast» polimer önümlerini daşary ýurt bazarlaryna iberýär

view-icon 1860
«Degreplast» polimer önümlerini daşary ýurt bazarlaryna iberýär

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Änew şäheriniň çäginde ýerleşýän «Degreplast» hojalyk jemgyýeti polipropilen we polietilen torbalaryň we örtgüleriň önümçiligini alyp barýar. 2017-nji ýylda önümçilige başlan kärhanada Ýewropanyň öňdebaryjy tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy aýda 300 tonna önüm öndürmäge mümkinçilik berýär.

Bu ýerde dokma önümçiliginde taýýar egin-eşikleri, gurluşyk serişdelerini, oba hojalyk önümlerini gaplamakda peýdalanylýan polipropilen we polietilen örtgüleriň dürli reňkdäki, ölçegdäki, galyňlykdaky görnüşleri öndürilip, müşderilere ýetirilýär. Kärhanada öndürilýän «Degreplast» haryt nyşanly polipropilen we polietilen torbalara we polietilen örtgülere dünýä bazarynda uly isleg bildirilýär.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Degreplast» hojalyk jemgyýeti öndürýän önümleriniň eksportyny Russiýa, Türkiýä, Özbegistana, Gyrgyz Respublikasyna, Gazagystana ýola goýdy. Kärhanada işçi-hünärmenleriň 70-e golaýy zähmet çekip, olar önümleriň döwrüň ösen talaplaryna laýyk gelmegi ugrunda yhlaslaryny gaýgyrmaýarlar.