mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

Arpa ýokumly ekindir

view-icon 1639
Arpa ýokumly ekindir

Arpa Türkmenistanyň demirgazyk sebitinde däp boýunça köpçülikleýin ösdürilip ýetişdirilýän däneli ösümlikleriň biridir. Ine, şu ýyl hem Daşoguz welaýatynda müň gektar ýere arpa ekmek meýilleşdirilýär. Bu galla önüminiň esasy öndürijisi S. Türkmenbaşy adyndaky etrapda arpa 250 gektar ekiler.

Arpa sebitiň oba hojalyk önümlerini öndürililer üçin wajyp ähmiýeti onuň diýseň gymmatly ýokumly iýmligindedir, çünki onuň düzüminde köp belok bar, şeýle hem ol krahmala baýdyr. Arpa atçylykda aýratyn gymmat goýulýar. Iýmlik arpanyň ösüş döwri onuň görnüş aýratynlyklaryna we ekilýän ýerine baglydyr, bu ir bişýän däneli ösümlikleriň biridir. Arpa ýeterlik derejede yssa, şora, şeýle hem guraklyga çydamlydyr. Şora çydamly ekinleri ösdürip ýetişdirmek şorlan topragyň biologik işjeňligini belli bir derejede artdyrýar we onuň düzümini gowulandyrýar. Daşoguz welaýatynda häzirki döwürde arpanyň Watanymyzda we daşary ýurtlardan alnan birnäçe görnüşi ýetişdirilýär.

Arpa geljekde uly möçberlerde ýetişdirmek üçin diýseň amatly ekindir. Häzir ol dünýäde azyk, tehniki we hatda lukmançylyk maksatlary üçin üstünlikli ulanylýar. Onuň dänelerinde köp mukdarda uglewodlar, witaminleriň, minerallaryň dürli görnüşleri, şeýle hem kletçatka bar. Arpa kaliýa, kalsiýa, magniýa, demire, hroma, sinke, ýoda baý ösümlikdir.