mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

Eksport geleşikleriniň arasynda nebithimiýa önümleri öňdeligi eýeleýär

view-icon 2024
Eksport geleşikleriniň arasynda nebithimiýa önümleri öňdeligi eýeleýär

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 24-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Owganystanyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropileni we uçar kerosinini satyn aldylar.

Türkiýäniň we Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen göni arassalanan benzini,  ABŞ-nyň işewürleri bolsa, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen tehniki uglerody satyn aldylar.

Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Türkiýäniň, Azerbaýjanyň we Gyrgyzystanyň telekeçileri nah ýüplügi satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 23 million 146 müň dollaryndan gowrak boldy.

Nah ýüplük Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Hindistanyň, Gazagystanyň telekeçileriniň geleşikleriniň esasyny düzdi. Geleşikleriň jemi bahasy 8 million 885 müň manatlykdan gowrak boldy.