Ï Türkmenistanda şemally we yssy howa bolar diýlip çaklanylýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda şemally we yssy howa bolar diýlip çaklanylýar

view-icon 5762
Türkmenistanda şemally we yssy howa bolar diýlip çaklanylýar

Hepdäniň başynda howa ortaça +35 gradus bolar. Dynç günleri golaýlaşdygyça, termometriň sütüni +42 gradusa çenli ýokarlanar.

Aşgabatda hepdäniň dowamynda az bulutly, şemally we gündizlerine +34…+42, gijelerine +22…+28 gradus howa bolar.

Ahal welaýatynda güneşli, ýagynsyz howanyň bolmagyna garaşylýar. Howa gündizlerine +33…+38, gijelerine +21…+28 gradusa deň bolar diýlip çaklanylýar.

Balkan welaýatynda şemally we gündizlerine +35…+42gijelerine +24…+27 gradus howa bolar.

Mary welaýatynda açyk, emma şemally howa bolar. Howanyň temperaturasy gündizlerine +35…+43, gijelerine +23…+27 gradusa deň bolar.

Lebap welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, howanyň temperaturasy gündizlerine +35…+42, gijelerine +23…+29 gradusa deň bolar.

Daşoguz welaýatynda wagtal-wagtal bulutly howa bolup, temperatura gündizlerine +35…+41, gijelerine bolsa +22…+27 gradusa deň bolar.