Ï Mary welaýatynda geçirilýän Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylara
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Mary welaýatynda geçirilýän Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylara

view-icon 5759
Mary welaýatynda geçirilýän Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylara

Gadyrly Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylar!

Hormatly watandaşlar!

Sizi «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda Mary welaýatynda geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň dabaraly açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, döredijilik işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ynamly öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan ähli ugurlarda uly sepgitleri eýeleýär, eziz Watanymyzyň halkara abraýy hem barha ýokarlanýar.

Häzirki döwürde döwletli Diýarymyzyň ähli ulgamlaryny sazlaşykly ösdürmek, ýurdumyzda senagat-önümçilik toplumlaryny, medeni-durmuş maksatly binalary gurmak, täze iş orunlaryny döretmek, ähli pudaklara sanly ulgamy ornaşdyrmak, agzybir halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini düýpli ýokarlandyrmak ugrunda giň gerimli maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan bu döwletli işler halkyň bagtyýar durmuşyna, ýurduň gülläp ösmegine gönükdirilendir. Bu tutumly işler «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen şygarymyzdan gelip çykýan belent maksatlarymyzyň barha rowaçlanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Mary welaýatynda geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň öňüsyrasynda welaýatyň çäginde medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalaryň dabaraly açylyp ulanmaga berilmegi hem halkymyzyň toýlarynyň toýlara ulaşýandygyny alamatlandyrýar. Bu açylyş dabaralary iri medeni çäräniň şatlyk-şowhunyny has-da artdyryp, watandaşlarymyzy beýik işlere ruhlandyrýar.

Gadyrly medeniýet we sungat işgärleri!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döredijilik işgärlerimiziň çekýän asylly zähmetine biz uly hormat goýýarys. Olaryň kämil, döwrebap eserleri döretmekleri, mynasyp durmuşda ýaşamaklary we döredijilikli işlemekleri üçin ähli şertleri döredýäris.

Şu ýyl onunjy gezek geçirilýän Medeniýet hepdeligi ýurdumyzyň medeniýet ulgamyny täze ösüşlere besleýän, eziz Watanymyzyň döredijilik kuwwatyny has-da artdyrýan özboluşly sungat baýramydyr.

Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza serpaý beren bu sungat baýramy medeniýet we sungat, döredijilik işgärlerini ylham dünýäsine ganatlandyrýar, täze, kämil eserleri döretmäge ruhlandyrýar. Medeniýet hepdeliginiň dowamynda guraljak medeni-köpçülikleýin çäreleriň her biri ýurdumyzyň medeniýet edaralarynyň alyp barýan işlerini kämilleşdirmekde, sungat ussatlarynyň özara tejribe alyşmaklarynda, ilatyň medeni aň-bilim derejesini ýokarlandyrmakda, bu ulgamdaky ösüşlerimizi giňden wagyz etmekde möhüm ähmiýete eýe bolar.

ÝUNESKO-nyň sanawyna girizilen gymmatlyklarymyzy wagyz etmek, muzeýleriň iş tejribesini öwrenmek, özleşdirmek, öý muzeýleriniň işini kämilleşdirmek, milli taryhy-medeni mirasymyzy aýap saklamak, oba medeniýet öýleriniň işini döwrebaplaşdyrmak, tans we folklor sungatynyň gadymy nusgalaryny dikeltmek, teatr sungatynyň täze eserlerini döretmek boýunça geçiriljek maslahatlar, sergiler, täze filmleriň görkezilişleri, döredijilik toparlarynyň konsertleri Medeniýet hepdeligini ýatdan çykmajak wakalara beslär.

Ýurdumyzyň şahyrlarynyň gatnaşmagynda geçiriljek şygryýet agşamlary, çeper goşgy okaýyşlar bolsa türkmen edebiýatyny döwrebap eserler bilen has-da baýlaşdyrar.

Türkmen halkynyň şöhratly taryhynda aýratyn orny eýeleýän gadymy Mary topragynda taryhy-medeni ýadygärliklerimiziň, milli gymmatlyklarymyzyň, tebigy täsinliklerimiziň ençemesi ýerleşýär. ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna girizilen «Gadymy Merw» taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň çägindäki, şeýle hem Goňurdepe, Daňdanakan we beýleki birnäçe taryhy ýadygärlikler medeni gymmatlyklarymyzyň, milli mirasymyzyň genji-hazynalarydyr.

Barbat Merwezi, Abdylla ibn Mübärek Merwezi, Şemseddin Merwezi ýaly alymlaryň we akyldarlaryň, şeýle hem Mahesti, Muezzi, Mollanepes ýaly şahyrlaryň, sazyň piri Baba Gammaryň ýaşap geçen Mary topragy gadymy döwürlerden bäri ylmyň, edebiýatyň, sungatyň ösen ýeri hökmünde giňden meşhurdyr. Olaryň baý edebi mirasy ýaş nesilleriň kalbynda ata-babalarymyzdan şu günlere gelip ýeten gadymy gymmatlyklarymyza söýgi döretmekde, buýsançly taryhymyzy giňden wagyz etmekde aýratyn ähmiýetlidir.

Hormatly medeniýet we sungat işgärleri!

Gadyrly Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylar!

Sizi Mary welaýatynda Medeniýet hepdeliginiň dabaraly açylmagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu sungat baýramyna gatnaşyjylara berk jan saglyk, uzak ömür we döredijilik üstünliklerini arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow.