mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

«Parahat» miweleriň irki görnüşleriniň hasylyny gaýtadan işlemäge girişdi

view-icon 3477
«Parahat» miweleriň irki görnüşleriniň hasylyny gaýtadan işlemäge girişdi

Tomsuň gelmegi bilen, hususy önüm öndürijiler miweli baglaryň irki görnüşleriniň hasylyny gaýtadan işlemäge girişdiler. Şu günler «Parahat» hususy kärhanasynda welaýatlaryň bagbanlarynyň ýetişdiren şetdaly, erik, alma miweleri satyn alnyp, olardan konsentrat we çaga iýmitleri öndürilýär. Kärhanada şu güne çenli miweleriň ýüzlerçe tonnasy gaýtadan işlenildi.

Ýurdumyzda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan, şeýle-de eksporta niýetlenen, bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmek ugrunda göreldeli zähmet çekýän hususy kärhana «Eçil», «Joş» miwe şireleri, «Han çaýlary» «Han suwlary», «Han» şöhlatlary, «Dat» üwmeçleri, «Süýtli dere» süýt önümleri, «Ýeserje» çaga pýureleri bilen adygyp, alyjylaryň göwnünden turýar. Öň miweden taýýarlanylýan önümler üçin esasy çig mal daşary ýurtlardan getirilýän bolsa, indi ýerli miweler gaýtadan işlenilip, önümçilikde gerek bolan miwe şireleri alynýar.

1993-nji ýyldan bäri halka hyzmat edýän kärhananyň önümlerine daşary ýurtlarda-da uly isleg bildirilýär. «Parahat» HK-niň önümleriniň tebigy çig maldan taýýarlanylmagy olaryň saglyk üçin peýdaly hem tagamly bolmagyny üpjün edýär. Onuň konsentrat öndürýän kärhanasynda Germaniýanyň, Italiýanyň, Şweýsariýanyň önümleri bolan döwrebap enjamlar ornaşdyrylandyr.