Ï Çeperçilik Akademiýasynyň talyplary tebigatyň gujagynda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Çeperçilik Akademiýasynyň talyplary tebigatyň gujagynda

view-icon 5545
Çeperçilik Akademiýasynyň talyplary tebigatyň gujagynda

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyplary synaglaryny tabşyryp, öz işlerini 22-nji iýundan başlap, Aşgabadyň ýakynyndaky ajaýyp tebigy künjeklerde, arassa howa bolmak bilen ýerine ýetirýärler. Olaryň arasynda şekillendiriş we amaly-haşam sungaty fakultetleriniň talyplary hem bolup, talyplaryň her biri öz çekýän suratlarynda tebigaty özüçe şekillendirmäge ymtylýarlar.

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasy ýurdumyzyň ýokary çeperçilik okuw mekdebi bolup, onda talyplar okuwyň alty ýylynyň dowamynda anatomiýa, surat, şol sanda ýagly žiwopis çekmek boýunça hünärleriniň syryny öwrenýärler.

Heýkeltaraşlyk ussahanalarynda daşy taraşlamak we metaly kebşirlemek boýunça tejribeleri, sungatyň taryhyny öwrenýärler, halyşynaslyk, keramika we zergärçilik hünärleriniň tilsimatlaryny öwrenip, başarnyklaryny kämilleşdirýärler.