mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

Erkin göreş boýunça türkmen pälwanlary ýetginjekleriň arasynda geçirilýän Aziýa çempionlygynda iki bürünç medal gazandylar

view-icon 1928

Gyrgyzstanyň paýtagty Bişkekde 17 ýaşly ýetginjekler we 23 ýaşa ýetmedik ýaşlaryň arasynda sport göreşi boýunça dowam edýän Aziýa Çempionlygynda Türkmenistanly pälwanlar ýene iki bürünç medala mynasyp boldular. Erkin göreş boýunça ýetginjek pälwanlaryň ýaryşynyň iň soňky gününde 8 türgeniň bäsleşýän 45 kg çenli agram toparynda bürünç medaly Azymberdi Aşyrgulyýew gazandy.

Bu ýeňşiň ýolunda ol çärýek finalda Keýptasu Sigemisuny (Ýaponiýa) ýeňdi ‒ 11:9. Soňra ýarym finalda Amirmohammad Salh Nawaziden (Eýran) asgyn gelip ‒ 0:7, Azymberdi Aşyrgulyýew 3-nji ýer üçin bäsleşikde Muntugs Amgalany (Mongoliýa) ynamly ýeňip ‒ 12:1, hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykdy.

Bu agram toparynda hindistanly Ningappa Genannawar finalda Amirmohammad Saleh Nawazini (Eýran) ýeňip ‒ 10:7, Aziýanyň çempiony boldy. Ikinji bürünç medal 3-nji orun ugrunda bäsleşikde Behruz Kalandarowdan (Özbegistan) üstün çykan gazagystanly Nurassyl Assambeke gowşuryldy.

Finalda gazagystanly pälwan Ashab Hajyýew ýaryşdan çykarylandan we 80 kg çenli agram toparynyň netijelerine täzeden garalandan soň, ýene bir bürünç medala Türkmenistan pälwan Parahat Ataýew mynasyp boldy. Bu agram toparynda hindistanly Parwinder Singh çempion boldy. Kümüş medaly Muhammadamin Abdulloýew (Täjigistan), bürünç medaly bolsa Abbosjon Ýuldoşew (Özbegistan) we Parahat Ataýew (Türkmenistan) aldy.

Şeýlelikde, Aziýanyň ýetginjekler birinjiliginiň netijeleri boýunça, türkmen pälwanlarynda 1 altyn we üç bürünç medal bolmak bilen, jemi 4 medal bar. Erkin göreşde ýokary derejeli baýragy ozal Alp Arslan Begenjowyň (agram topary ‒ 65 kg), grek-rim göreşinde bürünç medaly bolsa Kakabaý Kakabaýewiň (65 kg çenli) gazanandygyny ýatladýarys.

Gyrgyzystanyň paýtagtynda geçýän Aziýa çempionlygynda indiki medal toplumy ugrunda biraz uly ýaşly ‒ 23-e ýetmedik pälwanlar bäsleşerler. Bu ýaş toparynda Türkmenistandan ýaryşa 7-si grek-rim göreşi, 6-sy erkin göreş bolmak bilen, 13 türgen gatnaşar.