mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

«Awaza» myhmanlara garaşýar

view-icon 3100
«Awaza» myhmanlara garaşýar

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezlerinde dynç alyş möwsümi dowam edýär.

Tomus dynç alyş möwsüminiň iň gyzgalaňly wagty gelip ýetdi. Dynç almak we saglyklaryny dikeltmek üçin «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna her ýyl ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan adamlar gelýärler. Hazar deňziniň ekologik taýdan arassa kenarynda gurlan myhmanhanalar, çagalar we ulular üçin saglyk merkezleri, şeýle hem medeni dynç alyş toplumlary işleýär.

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň infrastrukturasy döredilen pursatyndan başlap, çalt depginler bilen ösýär. Ýakynda gurlup, ulanylmaga berlen Saglyk öýleriniň biri-de iň ýokary halkara ülňülerine laýyk gelýän «Awaza» innowasion kurort-sagaldyş toplumy boldy. Sagaldyş öýünde hödürlenýän hyzmatlardan başga-da, bu ýerde melhemlik mineral suw berýän tebigy çeşmäniň ýerinde dik guýy hem gurlupdyr. Onuň suwunyň düzüminde ýod, brom, hlor anionlary, şeýle hem gidrokarbonat we kationlar ‒ kalsiý, magniý, natriý bar.

Hazar deňzi ‒ ümmülmez ekologik ulgam. Onuň suwunda Mendeleýewiň tablisasyndaky maddalaryň ählisi diýen ýaly bar. Deňiz suwuna düşmek deri üçin peýdaly, şypaly deňiz howasy bolsa ýokarky dem alyş ýollaryny bejerýär, kislorodyň özleşdirilişini gowulaşdyrýar we adam synasyndan kömür aşgaryny çykarýar.

Çägesöw kenarda gezmelemek-de peýdaly. Mundan başga-da, deňiz çägesinde ýöremek ‒ dabanyň özboluşly owkalanmasydyr, gyzgyn çäge ýylylygy bedene gyradeň paýlaýar. Gyzgyn çägede ýatmak bogun agyrydan ejir çekýänlere aýratyn peýdalydyr.

Tomus möwsüminiň ähli şatlygyna eýe bolmak üçin, dynç almak isleýän ýeriňi häzirden saýlamak gerek. Raýatlaryň amatlylygy üçin, «Awaza» saýty döredilipdir. Onda kurort şäheriniň ähli myhmanhanalarynyň, kotejleriniň, seýilgähleriniň, güýmenje merkezleriniň we sanatorileriniň telefon maglumatlary berlipdir.