mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

Türkmenistanyň Prezidenti Sloweniýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

view-icon 1734

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Sloweniýa Respublikasynyň Prezidenti Borut Pahora we ýurduň ähli halkyna Sloweniýanyň milli baýramy – Döwlet güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz şu mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Borut Pahora tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we rowaçlyk, Sloweniýanyň halkyna bolsa, parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş we abadançylyk arzuw etdi.