Ï Medeniýet hepdeligi – 2023 Aşgabat şäherinde geçiriler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Medeniýet hepdeligi – 2023 Aşgabat şäherinde geçiriler

view-icon 6413

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döredijilik işgärlerini täze eserleri döretmäge ruhlandyrmak, agzybir halkymyza medeni taýdan ýokary hilli we döwrebap hyzmat etmek, şeýle-de Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli ýurdumyzda geçirilmegi asylly däbe öwrülen Medeniýet hepdeliklerini türkmen medeniýetiniň, sungatynyň, edebiýatynyň baýramy görnüşinde geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2023-nji ýylyň 22 — 27-nji iýuny aralygynda Aşgabat şäherinde Medeniýet hepdeligini geçirmek bellenildi.

Resminama bilen, Medeniýet hepdeligini geçirmek boýunça guramaçylyk topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy.

Medeniýet ministrligine, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetine, Türkmen döwlet neşirýat gullugyna, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligine we Aşgabat şäheriniň häkimligine Medeniýet hepdeliginde sungatyň, çeper döredijiligiň görnüşleri boýunça medeni çäreleriň geçirilmegini, olaryň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden beýan edilmegini üpjün etmek tabşyryldy.