Ï TDHÇMB-nyň söwda geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 24 million 442 müň dollaryndan gowrak boldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

TDHÇMB-nyň söwda geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 24 million 442 müň dollaryndan gowrak boldy

view-icon 4252
TDHÇMB-nyň söwda geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 24 million 442 müň dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 25-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Beýik Britaniýanyň, Owganystanyň we Özbegistanyň işewürleri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini, Birleşen Arap Emirlikleriniň işewür toparlarynyň wekilleri bolsa «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen azyklyk duzy satyn aldylar. Şeýle hem daşary ýurt puluna BAE-niň, Türkiýäniň we Gyrgyzystanyň telekeçilerine nah ýüplük ýerlenildi. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 24 million 442 müň dollaryndan gowrak boldy.

Birleşen Arap Emirlikleriniň, Hindistanyň, Pakistanyň, Gazagystanyň işewürleri bahasy 40 million 522 müň manatdan gowrak bolan lukmançylyk serişdelerini, nah ýüplügi satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin bahasy 8 million 587 müň manatdan gowrak gurluşyk serişdelerini satyn aldylar.