Ï Bilim ulgamynda sanly dolandyryş
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Bilim ulgamynda sanly dolandyryş

view-icon 43785
Bilim ulgamynda sanly dolandyryş

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 2017-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda geçirilen giňişleýin Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy, şeýle hem şu Konsepsiýany durmuşa geçirmegiň meýilnamasy tassyklanyldy.

Konsepsiýanyň esasy maksady ýakyn wagtda bilim edaralarynyň işini düýpli kämilleşdirmekden, ýokary hilli maglumatlar bilen üpjün etmekden, şeýle hem sanly serişdeleri giňden ulanmakdan we okuw mekdeplerinde bilimiň mazmunyny ýokarlandyrmakdan, onuň hiliniň dünýä ölçeglerine laýyk gelmegini gazanmakdan ybaratdyr.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň, Ýewropa Bileleşiginiň taslamasynyň we Belarus Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Dolandyryş akademiýasynyň ýardam bermeginde «Sanly dolandyryş», «Konstitusion hukuk» hem-de «Döwlet dolandyrylyşy» atly magistrlik maksatnamalaryny işläp düzdi. Şolaryň wezipesine dolandyryş, hukuk we maglumat-aragatnaşyk ulgamynda döwlet häkimiýet edaralary üçin Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak wezipesi girýär. Magistrlik maksatnamalary bilim ulgamynyň döwlet standartlaryny, oňa bilim berilişiniň hilini ýokarlandyrmagyň innowasion usullaryny ornaşdyrmagy, bu ulgamda dünýä tejribesinden hem-de Ýewropanyň, Aziýanyň we GDA ýurtlarynyň esasy akademiki mekdepleriniň hem-de ylmy merkezleriniň iň oňat öňdebaryjy iş tejribelerinden ugur alyp, milli aýratynlyklary göz öňünde tutmak bilen, degişlilikde, 1, 1,5 we 2 ýyl okatmaga niýetlenendir.

Döwlet gullugy akademiýasynda okatmagyň Moodle (Modular Object-Oriented Dynamic Learning Environment) elektron maksatnamasy işlenilip taýýarlanyldy we üstünlikli ornaşdyryldy. Bu maksatnama mugallymlar, diňleýjiler we talyplar üçin okuwa ýetişiklige gözegçilik etmegiň dürli mümkinçilikleri elýeterli bolan, köpçülikleýin howpsuz bellige alynmagyny goldaýan, synag we interaktiw okuwlary geçirip bolýan ykjam serişdedir.

Moodle-niň esasy mümkinçilikleri onlaýn-okuwlary döretmegi, resminamalaryň ýazgylaryny taýýarlamagy, ähli diňleýjilere we talyplara ýa-da käbir okuwçy toparlaryna elýeterli bolan öwrediş toplumyna birleşdirilen tanyşdyrmalary hem-de wideo ýazgyny özünde jemleýär. Mundan başga-da, bu ulgamyň çeýe interfeýsi bolup, ol käbir sahypalaryň maketleriniň hem-de dizaýniniň özara ýerleşiş ýagdaýyny saýlamaga mümkinçilik berýär, bu bolsa amaly we okuw sapaklaryny has ýokary hilli hem-de netijeli geçirmäge goşmaça mümkinçilik döredýär. Ulgamy özara gürleşmäge, bilelikde işlemäge, resminamalry dolandyrmaga niýetlenen gurallar hem-de okuw işniň hilini ýokarlandyrmak üçin beýleki goşundylar bilen birlikde, köpsanly programma üpjünçiligi bilen birleşdirip bolýar. Magistrantlar we diňleýjiler taýýarlanylanda, elektron serişdeler ulanyldy, şol serişdeler okatmagyň hem-de okuw meýilnamasynyň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmegiň has kämil usulyna geçilmegini üpjün etmäge mümkinçilik berdi.

Ýakynda Döwlet gullugy akademiýasynda «Sanly dolandyryş» hünäri boýunça 2021-2022-nji okuw ýylynyň magistratlarynyň ikinji goýberilişi boldy. Bu hünär boýunça okuwlar aragatnaşygyň netijlei ulgamynyň ulanylmagy arkaly elektron görnüşde geçirildi. Munuň özi ýaş talyplary özbaşdak okamak bilen meşgullanmaga, döredijilikli pikirlenmäge, aralykdan okamaga we olarda sanly maglumatlary peýdalanmagyň, öwrenmegiň hem-de saklamagyň başarnyklaryny ösdürmäge itergi berdi.

«Türkmenistany 2025-nji ýyla çenli durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» dünýäniň öňdebaryjy ylym-bilim merkezleriniň innowasion işleriniň ýokary ölçeglerine laýyk gelýän milli bilim ulgamyny döretmek wezipesi öňde goýuldy diýip, «Sanly dolandyryşyň» magistri Saida Nurseidowa çykyşynda belledi. Milli ykdysadyýeti geljekde rowaç ösdürmegiň düýpli esasy hökmünde Watanmyzyň bilim ulgamynyň hilini we ygtybarlylygyny ýokarlandyrmagyň zerurlygy şol möhüm wezipeden ugur alýar. Magistrlik maksatnamasy milli ykdysadyýetiň dürli pudaklaryny dolandyrmaga, şeýle hem sanly bilim we sanly ykdysadyýet ulgamynda täze syýasaty işläp taýýarlamak hem-de durmuşa geçirmek boýunça işlere ýolbaşçylyk etmäge ukyply ýokary derejeli hünärmenlere bolan barha artýan islegi göz öňünde tutýar.

«Sanly dolandyryşyň» magistri Arslan Berdiýew tutuş bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmaga kesgitli bir düzedişleriň girizilmegini göz öňünde tutýan sanly ykdysadyýete tapgyrlaýyn geçmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Bilim ulgamy ykdysadyýetiň dürli pudaklary üçin işgärleri taýýarlaýar we bu ugurda Döwlet gullugy akademiýasy, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezi hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasion maglumat merkezi ýaly düzümler aýratyn kömek edýär. Şolar, öz nobatynda, ulanyjylara elektron taýdan bilim bermek babatda häzirki zaman hyzmatlary we maglumatlary, okuw gollanmalyryny, wideo we audioserişdeleri, elektron kitaplaryny işläp taýýarlamakda goldaw bermegi hödürleýär.

Döwlet gullugy akademiýasynyň «Sanly dolandyryş» magistrlik maksatnamasynyň okuw meýilnamasy öňdebaryjy tehnologiýalary we enjamlaryň täze nusgalaryny hem-de durmuş ulgamyny kämilleşdirmek, şeýle hem ilata hödürlenilýän hyzmatlaryň görnüşlerini giňeltmek we hilini ýokarlandyrmak üçin oňaýly şertleri döredýän tehnikalaryň ulanylmagyna gönükdirilendir.

Geljekde «Sanly dolandyryş» magistrlik maksatnamasynyň okuw meýilnamasyna milli ileri tutulýan ugurlary hem-de döwlet işleriniň ulgamynda onuň ähli bölümçeleriniň sanly esasa geçmeginiň aýratynlyklaryny göz öňünde tutýan birnäçe okuw modullaryny we degişli ugurlar boýunça synag testlerini girizmek meýilleşdirilýär.

Döwletiň ykdysady, durmuş, medeni durmuşyna sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak üçin hemme düzümleýin bölümleriň maddy-enjamlaýyn binýadynyň putalandyrylmagy zerurdyr. Programma üpjünçiliginiň toplumlaýyn gowulandyrylmagy sanly tehnologiýalary özleşdirmek ugrunda işleýän hünärmenleriň bilim derejesini we başarnyklaryny ýokarlandyrmagy we adamlaryň sanly täze durmuş ýagdaýlaryna kem-kemden uýgunlaşmagyna gönükdirilen çäreleri amala aşyrmagy talap edýär.


Hajymyrat Pirmuhammedow,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň uly mugallymy.