Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hazarýaka döwletleriň işewür hyzmatdaşlyk Geňeşini döretmegi teklip etdi. Bu başlangyjy Döwlet Baştutanymyz Aşgabatda geçirilen altynjy Hazar Sammitinde öňe sürdi. Hormatly Prezidentimiz sammitindäki çykyşynda sebitiň ýurtlary üçin Hazar önümçikik birleşmesi wajyp mesele bolup durýar diýip nygtady.
«Biziň ýurtlarymyz uly tebigy serişdelere, berk senagat we tehnologik kuwwata eýedir. Şol serişdeleriň we kuwwatyň birleşdirilmegi, hyzmatdaşlygyň önümçilik ulgamlarynyň, «Ýakynlaşmak geçelgeleriniň döredilmegi» wajyp mesele bolup durýar. Şunda hususy işewürlik möhüm orun eýelemelidir», – diýip, döwlet Baştutanymyz aýratyn üns çekdi.
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Hazarýaka ýurtlaryň maksatnamalaýyn işewürlik forumlaryna badalga bermek zerurdyr. Olaryň barşynda biziň telekeçilerimiz göni gatnaşyk edip, amatly we maksadalaýyk boljak ugurlarda hyzmatdaşlygyň ýollaryny özbaşdak kesgitläp bilerdiler.
«Şunuň bilen baglylykda, özbaşdak, döwlete dahylsyz ulgam hökmünde Hazarýaka ýurtlaryň işewür hyzmatdaşlygynyň Geňeşini, ysnyşykly hyzmatdaşlyk üçin binýady döretmegiň üstünde işlemegi teklip edýäris» – diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.