Ï Oba hojalyk önümlerini öndürijiler halkara tejribäni öwrenýärler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Oba hojalyk önümlerini öndürijiler halkara tejribäni öwrenýärler

view-icon 4768
Oba hojalyk önümlerini öndürijiler halkara tejribäni öwrenýärler

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hünärmenleri S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti bilen bilelikde «Bilimler gününi» guradylar. Uniwersitetde her hepde geçirilýän okuwlar oba hojalyk önümleriniň önümçiligini ýöretmegiň netijeli usullary boýunça halkara tejribäni öwrenmäge bagyşlanýar.

Bu çärä alymlar, uniwersitetiň mugallymlary we talyplary gatnaşýarlar. Duşuşyga daýhanlar, mülkdarlar we hususy oba hojalyk önümlerini öndürijiler çagyrylýarlar. Sapaklaryň maksatnamasy ýüpekçilik, bagbançylyk, gallaçylyk, bakjaçylyk ýaly ileri tutulýan ugurlar we beýlekiler boýunça oba hojalyk önümçiligini alyp barmagyň öňde baryjy tejribesi ilen tanyşmagy göz öňünde tutýar. TSTB-niň hünärmenleriniň pikiriçe, şunuň ýaly okuwlar Türkmenistanyň oba hojalygynyň mundan beýläk-de durnukly ösüşi üçin, täze başlaýan oba hojalyk önümlerini öndürijilerine maglumat we usuly taýdan ýardam bermäge gönükdirilendir.