Ï «Aşgabat – dizaýn şäherim» atly maslahat we sergi geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Aşgabat – dizaýn şäherim» atly maslahat we sergi geçirildi

view-icon 7493
«Aşgabat – dizaýn şäherim» atly maslahat we sergi geçirildi

2022-nji ýylyň 5-nji iýulynda Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde «Aşgabat – dizaýn şäherim» atly maslahat we sergi geçirildi. Bu çäräni ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariaty, Türkmenistanyň Parahatçylyk Gaznasynyň Müdiriýeti, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi hem-de Aşgabat şäher häkimligi tarapyndan gurnaldy.

Bu çärä jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarydyr talyplary, paýtagtymyzyň ýaşaýjylary şeýle-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Maslahat «Men gözelligi döredýärin» şygary astynda geçirilip we onuň çäklerinde amaly-haşam eserleriniň gözden geçirilişi gurnaldy.

«Aşgabat – dizaýn şäherim» atly maslahatda edilen çykyşlarda paýtagtymyzy «Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizmek babatynda güýçli depginde alnyp barylýan işleri boýunça gürrüň berildi.