Ï Durmuş ähmiýetli binalaryň sany artýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Durmuş ähmiýetli binalaryň sany artýar

view-icon 4084
Durmuş ähmiýetli binalaryň sany artýar

Daşoguz şäheriniň Şagadam köçesiniň ugrunda bina edilýän täze ýaşaýyş jaý toplumy zerur ýaşaýyş – durmuş ähmiýetli desgalaryň ählisi bilen üpjün ediler. Şu günler bu ýerde 240 orunlyk çagalr bagynyň gurluşygy tamamlanyp barýar.

Iki gatly binanyň gurluşyk işleri «Daşoguznebitgazgurluşyk» trestiniň hünärmenleri ýerine ýetirýäler. Binananyň içki diwarlarynyň bezeg işleri alnyp barylýar, mekdebe çenli edaranyň howlusynda tomusky telärleriň on ikisi guruldy, howlusy abadanlaşdyrylýar. Çagalar bagy döwrebap mebeller, ýörite okuw otaglary, dürli oýunlara we sporta degişli kämil enjamlar bilen üpjün ediler, çagalary hemmetaraplaýyn ösdürmek, şol sanda olara daşary ýurt dillerini öwretmek boýunça şertleriň ählisi dörediler. Täze binada ýatmak üçin we sapak geçmek hem-de döredijilik otaglary bilen birlikde aýdym-saz, lukmançylyk otaglary, açyk howda oýnamak üçin meýdançalar bilen bir hatarda zerur bolan dürli desgalar bolar.

Köp öýli ýaşaýyş jaýlarynyň onlarçasy bolan bu toplumda «Ajaýyp-gurluşyk» hususy kärhanasynyň hünärmenelri 600 okuwça niýetlenen umumy bilim berýän mekdebiň binasyny gurýarlar. Dört jaýdan ybarat iki gatly bina üç gektar meýdany tutýar. Bu ýerde döwrebap synp otaglaryndan başga-da, dürli okuw we kömekçi otaglaryň birnäçesi, şol sanda zähmet sapagy we kompýuter otaglary, kitaphana, mejlisler otagy göz öňünde tutulan. Mekdepde öňdebaryjy bilim serişdeleri arkaly dürli derslerden sapak berler, şeýle hem beden taýdan taýýarlyk üçin zerur şertler dörediler.

Ýaňy-ýakynda Şagadam köçesiniň ugrunda, ýörite lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen, ilata bejeriş we keseliň öňüni alyş hyzmatlarynyň giň görnüşini teklip etmäge mümkinçilik berýän döwrebap lukmanlar otaglaryny, näsaglara gözeçgilik etmek hem-de sanjym we operasiýa otaglaryny, barlaghanany, dermanhanany özünde jemleýän «Saglyk öýi» ulanylmaga berildi.