Ï Aşgabatda Adam hukuklary boýunça 2021 – 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň durmuşa geçirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabatda Adam hukuklary boýunça 2021 – 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň durmuşa geçirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy

view-icon 4832
Aşgabatda Adam hukuklary boýunça 2021 – 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň durmuşa geçirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy

Aşgabatda Türkmenistanyň adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukugy babatynda halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilişini üpjün etmek boýunça pudagara komissiýanyň iş toparynyň mejlisi bolup geçdi.

Tegelek stol BMG-niň ÖM bilen bilelikde Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty tarapyndan amala aşyrylýan “Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça 2021 – 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň durmuşa geçirilişine ýardam etmek” taslamasynyň çäginde guraldy.

Toparyň agzalary Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça 2021 – 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň durmuşa geçirilişini ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem 2022 –2028-nji ýyllar üçin Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça Hereketleriň milli meýilnamasy baradaky tekliplere we maslahatlara garadylar. Şeýlelikde, “tegelek stoluň” ahyrynda täzelenen resminamanyň taslamasy taýýarlandy.

Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça 2021 – 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy hökümet tarapyndan 2021-nji ýylyň aprelinde kabul edilip, Türkmenistanda adam hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek we goramak boýunça milli ulgamy güýçlendirmäge, ýurduň bu ugurdaky halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmäge, şeýle hem halkara guramalar bilen ynsanperwer hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilipdi.

BMG-niň ÖM Türkmenistan hökümetiniň adam hukuklary boýunça milli hereket meýilnamalaryny düzmekde, adam hukuklary babatynda halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmek we 2030-njy ýyla çenli durnukly ösüşiň gün tertibini durmuşa geçirmegiň çäginde BMG-niň şertnamalaýyn guramalary üçin adam hukuklary boýunça milli hasabatlary taýýarlamakda öňden hyzmatdaşlyk edip gelýär.