Ýer ýüzünde ýaşaýşyň ebedi gözbay, durmuşyň süýji tagamlary bolan wepanyň, sahawatyň we mähriň mukaddes we şowhunly dabarasy – Gurban baýramy bu gün ýene-de tutuş Yslam dünýäsine we eziz Diýarymyz Türkmenistana geldi. Mukaddes Remezan aýyndan 70 gün soň, haj parzlarynyň yzyndan gelýän bu nurly baýramy halkymyz uly şatlyk bilen garşy aldy.
Ata-babalarymyzyň däplerine eýerilip, şäherlerde we obalarda bu baýramyň nyşanlary bolan hiňňilikler peýda boldy.
Bu mukaddes baýram ynsanyň ruhy-ahlak gözelliklerini, ynsanperwerlik ýörelgelerini dabaralandyrýan baýramdyr. Asyrlardan asyrlara geçip, ata-babalrymyzdan miras galan däp-dessurlarymyz, ynanç-adatlarymyz siňen Gurban baýramy bu gün agzybir halkymyzyň bagtyýarlyga beslenen durmuşyny dünýä ýaýýar we Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Diýarymyzyň ösüşleriň belent sepgitlerine eýe bolýandygyna şaýatlyk edýär. Halkymyzyň agzybirligini we jebisligini has-da pugtalandyrýar.
«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda mukaddes Gurban baýramyna mynasybetli üç günüň dowamynda paýtagtymyzda, ýurdumyzyň ähli şäherdir obalarynda aýdym-sazly dabaralar geçirilýär, her bir maşgalada bereketli saçaklar giňden ýazylyp, gurbanlyk sadakalarynda baýramçylyk tagamlary hödürlenýär. Garaşsyz , hemişelik Bitarap Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegiiň hatyrasyna, ýagşy doga-dilegler edilýär.
Gurban baýramynda beriljek sadakalar, okaljak aýat-töwirler,ýagşy dilegler Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň dünýä ýüzündäki abraý-mertebesiniň has-da belentliklere ýetmegi üçin Allatagalanyň dergähinde kabul bolsun!
Gurban baýramyňyz mübärek bolsun, eziz ildeşler!