Ï Mollagara şypahanasy – dünýä belli melhemler mesgeni
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Mollagara şypahanasy – dünýä belli melhemler mesgeni

view-icon 15304
Mollagara şypahanasy – dünýä belli melhemler mesgeni

Bu günki gün Mollagara şypahanasyna – melhemler mesgenine gelýänlere ýokary derejedäki lukmançylyk hyzmatlary göreldeli ýola goýulýar. Dünýä meşhur bu şypahananyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň has-da pugtalandyrylmagy, häzirki zamanyň ösen kämil lukmançylyk enjamlary bilen üpjünçiliginiň nusgalyk derejä çykarylmagy watandaşlarymyzyň şypahana bejergisine bolan zerurlyklarynyň has göwnejaý bolmagyny şertlendirýär.

Mollagara şypahanasy Balkanabat şäheriniň golaýynda ýerleşmek bilen, gadymy Uzboý hanasynyň gündogar kenarynda ýerleşip, uly Balkan dagynyň gerişlerine uzalyp gidýär. Şypahananyň esasy tebigy baýlyklary bejeriji laýlary hem-de şypa beriji duza baý mineral suwudyr. Mollagara şypahanasynyň ajaýyp binalar toplumy-alty gatly 500 orunlyk ýatymlaýyn we bejeriş-anyklaýyş binasyndan, iki gatly 35 orunlyk gözellik merkezinden, üç gatly 170 orunlyk myhmanhanadan, durky täzelenen iki gatly bejeriş we sagaldyş binasyndan, 30 orunlyk çagalar bölümi ýerleşdirilen binadan, 250 orunlyk naharhanadan, şypahananyň işgärleri üçin niýetlenen alty sany 123 öýli ýaşaýyş jaýyndan we kömekçi desgalardan ybaratdyr.

Şypahananyň täze binalar toplumynda palçyk, duzly suw, fiziobejeriş, bedenterbie, anyklaýyş bölümlerinden başga-da, sowuk howa akymy, ýokary atmosfera basyşy, Garagumuň gyzgyn çägesi we ozon bilen bejerişler, gyzgyn daşlar, duzly we mineral howadan dem almak arkaly bejeriş ýollary bar. Şypahanada, esasan, nerw we daýanç-hereket ulgamynyň keselleri, guragry, ginekologiýa, peşew-jyns organlarynyň keselleri bejerilýär. Şonuň ýaly-da, bu ýerde gyzgyn palçyk arkaly edilýän emler beden agzalary üçin juda peýdalydyr. Şeýlekin bejergi almagyň netijeliligi, ozaly bilen, onuň düzümindäki organiki we organiki däl maddalaryň, mikroelementleriň, biologik işjeň maddalaryň, witaminleriň, garmon görnüşli maddalaryň hem-de radioaktiw maddalaryň mukdaryna bagly bolup durýar. Tebigy kölüň şor suwunyň bejeriş täsiri onuň gyrmançaly palçygynyňkydan kem däldir. Onuň ýokary derejede minerallaşan şor suwy hlorly – natrili – magnili suwlara degişlidir. Düzüminde köp möçberde himiki elementler, birleşmeler, mikroelementler bolan şypaly suwuň üýtgeşik bejerijilik aýratynlyklarynyň boljakdygy hem ikuçsuzdyr. Palçykdyr suwly wanna nobatma-nobat kabul edilende, dyzlara we bogunlara duz ýygnanmagy, bil süňkleriniň sowuklamagy, guragry, aýal keselleri, önelgesizlik, nerw keselleri ýaly ençeme dertler gaýra tesýär. Kämil häzirki zaman enjamlary bilen birkemsiz üpjün edilen oňurga süňki ugurly toplumynda bolsa oňurga ýiligine we oňurga süňküne zeper ýeten adamlara toplumlaýyn saglygyny dikeldiş bejergisi ýola goýulýar.

Şypahanada raýatlaryň medeniýetli dynç almaklary üçin kitaphananyň, internet kafeniň, restoranyň, dükanlaryň, amfiteatryň, gözellik salonyň, dellekhananyň, howuzyň, hammamyň, saunanyň, bilýarddyr tennis zallarynyň we beýleki amatlyklaryň bolmagy hem şypahana bejergisiniň netijeli bolmagyna özüniň oňat täsirini ýetirýär. Olaryň ählisiniň ýokary hil ülňülerine doly laýyk gelýän ösen lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilmegi has-da guwandyryjydyr.   

Mälim bolşy ýaly, şypahananyň bil-oňurga keselleri bölümi bütin Merkezi Aziýada ýeke-täk bölümdir. Şonuň üçinem bu ýere öz saglygyny dikeltmäge gelen daşary ýur raýatlarynyň sany geçen ýyllaryň dowamynda az bolmady.

Täsin melhemler mesgeniniň şypahana hökmünde meşhurlyga eýe bolmagynda Mollagara kölüniň hem uly ähmiýeti bar. Başga bir ýerden gelip guýýan hiç hili akabanyň ýoklugyna garamazdan, gudratly kölüň suwy ýylyň dört paslynda ne-hä köpelýär, ne-de azalýar

Mukaddes kölüň gür ýylgyn tokaýlygyna bürenen beýleki çägesöw kenarynda hem ajaýyp görnüş höküm sürýär. Eziz Watanymyzyň bu täsin künjeginiň diňe bir suwy ýa palçygy däl, eýsem onuň arassa çägesi hem tapylgysyz melhemdir. Munuň özi, melhemler mesgeni bolan Mollaraga şypahanasynyň dünýä ýüzünde barha artýan at-abraýynyň mundan beýlägem has-da rowaşlyklara beslenýändiginiň ýene mertebe aýdyň subutnamasydyr.