mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

Türkmenistanyň Prezidenti Fransiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

view-icon 1188

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti Emmanuel Makrona we ýurdunyň tutuş halkyna Fransiýa Respublikasynyň milli baýramy — Bastiliýanyň eýelenen güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Hormatly Prezidentimiz şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Emmanuel Makrona tüýs ýürekden berk jan saglyk we bagtyýarlyk, Fransiýanyň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, gülläp ösüş arzuw etdi.