Ï Daşkentde Türkmenistanyň we Özbegistanyň bilermenleriniň gatnaşmagyndaky halkara maslahat geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Daşkentde Türkmenistanyň we Özbegistanyň bilermenleriniň gatnaşmagyndaky halkara maslahat geçirildi

view-icon 4215
Daşkentde Türkmenistanyň we Özbegistanyň bilermenleriniň gatnaşmagyndaky halkara maslahat geçirildi

12-nji iýulda Özbegistanyň paýtagtynda «Özbegistan we Türkmenistan. Hyzmatdaşlygyň täze taryhy döwründe ösüş mümkinçiligi» tema boýunça halkara maslahat geçirildi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynyň goldawy bilen Merkezi Aziýa Halkara institutynyň (MAHI) hünärmenleri tarapyndan guralan bu maslahatyň işine Türkmenistanyň we Özbegistanyň döwlet hem analitik düzümleriniň ýolbaşçylary we esasy bilermenleri gatnaşdylar. Maslahatda iki ýurduň daşary işler ministrlikleriniň, Özbegistanyň Oliý Majlisiniň kanun çykaryjy palatasynyň wekilleri, MAHI-niň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky dil-edebiýat we golýazmalar institutynyň, şeýle hem beýleki edaralaryň işgärleri çykyş etdiler. Maslahaty Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynyň rektory Jumamyrat Gurbangeldiýew we MAHI-niň direktory Anwar Nasyrow açdylar.

Maslahata gatnaşanlar türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny maslahatlaşyp, sebitde gatnaşyklary berkitmek hem giňeltmek meseleleri boýunça pikir alyşdylar.