Ï Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistan Respublikasyna döwlet sapary tamamlandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistan Respublikasyna döwlet sapary tamamlandy

view-icon 4944
Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistan Respublikasyna döwlet sapary tamamlandy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasyna döwlet sapary tamamlandy. Ozal habar berlişi ýaly, düýn Daşkentde ýokary derejedäki ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Olaryň netijeleri boýunça gazanylan möhüm ylalaşyklar we gol çekilen resminamalaryň uly toplumy gepleşikleriň örän netijeli bolandygyna şaýatlyk edýär. Resminamalar strategik häsiýete eýe bolan netijeli döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilendir.

Goňşy ýurtlaryň özara gatnaşyklary köpugurly esasda ösdürmäge bolan gyzyklanmalary 13-nji iýulda Buharada geçirilen birinji Türkmen-özbek sebit forumynda, Işewürlik geňeşiniň nobatdaky mejlisinde, birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, döwlet, hususy düzümleriň wekilleriniň gatnaşmagynda guralan ikitaraplaýyn duşuşyklarda, amaly-haşam sungatynyň bilelikdäki sergisinde öz beýanyny tapdy. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň bar bolan ägirt uly mümkinçilikleriniň durmuşa geçirilmegine gönükdirilen ikitaraplaýyn resminamalara gol çekilmegi duşuşyklaryň anyk netijelerine öwrüldi. Şol gün sungat ussatlarynyň bilelikdäki konserti boldy.

Mundan başga-da, iki ýurduň telekeçilik düzümleriniň arasynda birnäçe ylalaşyklar gazanyldy. 14-nji iýulda Daşkentde hormatly Prezidentimiziň Özbegistan Respublikasyna döwlet saparynyň çäklerinde gol çekilen resminamalar degişli sanawyň üstüni ýetirdi. Şeýlelikde, bularyň ählisi goňşy döwletleriň we halklaryň gadymdan gelýän dostluk, doganlyk däplerine ygrarlydygynyň, ähli ugurlar boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.

Şu gün irden hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Oliý Majlisiniň Senatyna tarap ugrady. Onuň binasy şäheriň merkezi meýdançasy bolan “Mustakillik” meýdançasynda ýerleşýär.

Bu ýerde belent mertebeli myhmany Özbegistan Respublikasynyň Oliý Majlisiniň Senatynyň Başlygy Tanzila Narbaýewa mähirli garşylady.

Iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde bilelikde surata düşmek dabarasyndan soň, hormatly Prezidentimiziň özbek parlamentiniň ýokarky palatasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşygy boldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy mähirli mübärekläp, Özbegistan Respublikasynyň Oliý Majlisiniň Senatynyň Başlygy döwletara gatnaşyklaryň däp bolan dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk häsiýetini nygtady. 14-nji iýulda ýokary derejede geçirilen gepleşikler şol gatnaşyklaryň taryhyna täze sahypany ýazdy. Olaryň netijeleri boýunça gazanylan ylalaşyklar we gol çekilen resminamalar umumy abadançylygyň bähbitlerine laýyk gelýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam eder.

Döwlet Baştutanymyz özbek parlamentiniň ýokarky palatasynyň ýolbaşçysyna mähirli kabul edendigi we myhmansöýerlik üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de şu günki duşuşygyň türkmen-özbek parlament gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň geljegi barada pikir alyşmaga, kanun çykaryjylyk işinde özara tejribe alyşmaga, halkara giňişlikde hyzmatdaşlygyň ugurlaryny kesgitlemäge oňat mümkinçilik berýändigini belledi.

Duşuşygyň başynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Oliý Majlisiniň Senatynyň Başlygy Tanzila Narbaýewa Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowanyň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Soňky ýyllarda parlamentleriň ugry boýunça ýola goýulýan ikitaraplaýyn gatnaşyklar hil taýdan täze derejä çykdy we hyzmatdaşlyk köptaraply esasda ösdürilýär. Hyzmatdaşlygy ösdürmekde birnäçe başlangyçlary, şol sanda Aşgabatda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumyny hem-de zenanlaryň dialogyny geçirmek başlangyçlaryny öňe süren Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň ägirt uly goşandynyň bardygyny belläp, Özbegistanyň Oliý Majlisiniň Senatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli sözlerini we hoşniýetli arzuwlaryny ýetirmegini hormatly Prezidentimizden haýyş etdi.

Dostluk we birek-birege ynanyşmak esasynda geçen söhbetdeşligiň dowamynda nygtalyşy ýaly, kanun çykaryjylyk edaralarynyň ugry boýunça ysnyşykly gatnaşyklar toplumlaýyn türkmen-özbek hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň wajyp hem-de aýrylmaz bölegi bolup durýar.

Soňky ýyllarda iki ýurduň parlamentleriniň bilelikdäki tagallalary esasynda köp işler ýerine ýetirildi. Durnukly parlamentara gatnaşyklar ýola goýuldy, hünär taýdan duşuşyklaryň gurallary işläp başlady hem-de wekiliýetleri alyşmak işi yzygiderli ýola goýuldy. Şunda Türkmenistanda we Özbegistanda döredilen parlamentara Dostluk toparlary möhüm orun eýeleýärler. Olar biziň doganlyk halklarymyzyň arasynda özara düşünişmegiň möhüm guraly bolup durýar.

Ikitaraplaýyn parlamentara gatnaşyklar Merkezi Aziýada parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmak işine saldamly goşant goşýar. Iki ýurduň parlamentarileriniň dürli sebit forumlaryna gatnaşmagy syýasy, ykdysady, ynsanperwer hyzmatdaşlygyň üstünlikli alnyp barylmagy üçin amatly hukuk şertlerini döretmäge gönükdirilendir. Olaryň işi hyzmatdaşlygyň däp bolan diplomatik gurallaryny berkidýär we baýlaşdyrýar.

Häzirki döwürde döwletara gatnaşyklaryň çäklerinde parlamentara hyzmatdaşlyk uly ähmiýete eýe bolýar. Türkmenistan we Özbegistan dürli ugurlar boýunça geçirilýän halkara maslahatlara işjeň gatnaşýarlar. Şolaryň hatarynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy, Türki Döwletleriň Guramasy, Goşulyşmazlyk Hereketi ýaly guramalar bar. Munuň özi geljegi uly mümkinçilik hasaplanýar. Iki ýurduň wekilleri parlamentleriň ugry boýunça bilelikdäki başlangyçlar bilen çykyş edip, ilkinji nobatda, sebitiň döwletleriniň arasynda hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny pugtalandyrmak, ynsanperwer, jemgyýetçilik, medeni gatnaşyklary ösdürmek, zenanlaryň, ýaşlaryň arasynda giň hyzmatdaşlygy ýola goýmak meselelerinde işjeň hyzmatdaşlyk edýärler.

Söhbetdeşligiň barşynda şu ýylyň maý aýynda Türkmenistanda iki iri çäräniň — Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumynyň hem-de zenanlaryň dialogynyň üstünlikli geçirilendigi hem-de guralan duşuşyklardyr gepleşikleriň derejesine foruma gatnaşyjylar tarapyndan ýokary baha berlendigi bellenildi. Hormatly Prezidentimiz öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk eden Özbegistan Respublikasynyň Oliý Majlisiniň Senatynyň Başlygyna we onuň kärdeşlerine şol çärelere işjeň gatnaşandygy üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Biziň parlamentarilerimiziň maksatlary umumydyr. Şol maksatlar parahatçylygy we ösüşi üpjün etmekden, raýatlaryň abadançylygyny ýokarlandyrmakdan, adam kuwwatyny has doly açmak üçin şertleri döretmekden, biziň halklarymyzyň doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmakdan ybaratdyr.

Duşuşyk tamamlanandan soň, hanym Tanzila Narbaýewa döwlet Baştutanymyzy Senatyň binasyny, onuň dürli maslahatlary geçirmek üçin niýetlenen zallaryny görmäge çagyrdy. Şeýle hem ol belent mertebeli myhmany özbek parlamentiniň ýokarky palatasynyň işiniň esasy ugurlary, senatorlaryň netijeli işlemegi üçin döredilen şertler bilen tanyşdyrdy.

Özbegistan Respublikasynyň Oliý Majlisiniň Senaty çäk taýdan wekilçilikli palata bolup durýar we ol senatorlaryň 100-sinden ybaratdyr. Ol 2002-nji ýylda kabul edilen Özbegistanyň Konstitusion kanunyna laýyklykda, degişli sala salşyklaryň netijeleri esasynda döredildi. Onuň ygtyýarlyklarynyň möhleti bäş ýyldyr. Oliý Majlisiň kanun çykaryjy palatasy bilen bilelikde Senat kanun çykaryjylyk we beýleki degişli işleri amala aşyrýar.

Ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan demokratik özgertmeleriň netijesinde halk häkimiýetliliginiň köpasyrlyk milli däplerine esaslanýan iki palataly parlament — Türkmenistanyň Milli Geňeşi döredildi. Onuň düzümine Halk Maslahaty we Mejlis girizildi. Munuň özi ýurdumyzyň parlamentiniň taryhynda täze sahypany açdy. Bu taryhy waka ýokary wekilçiligi ösdürmekde, döwletimiziň kanun çykaryjy edarasynyň işini kämilleşdirmekde möhüm ädime öwrüldi. Onuň işiniň kämilleşdirilmegi parlamentara ugur boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda täze mümkinçilikleri açdy.

Özbek parlamentiniň ýokarky palatasynyň işiniň esasy ugurlary bilen tanyşlyk tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz we Özbegistan Respublikasynyň Oliý Majlisiniň Senatynyň Başlygy birek-birek bilen mähirli hoşlaşyp, taraplaryň netijeli parlamentara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge meýillidigini tassykladylar.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Daşkendiň Yslam Karimow adyndaky Halkara howa menziline bardy we şol ýerden Samarkant şäherine ugrady. Bu şäher özüniň taryhy-medeni ýadygärlikleri bilen meşhurdyr.

Samarkandyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew mähirli garşylady.

Howa menzilinden döwlet Baştutanlarynyň bilelikdäki ulag kerweni Özbegistan Respublikasynyň ilkinji Prezidenti Yslam Karimowyň hormatyna bina edilen ýadygärlikler toplumyna tarap ugrady.

Topluma gelensoňlar, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Prezident Şawkat Mirziýoýew Yslam Karimowyň aramgähine bardylar. Döwlet Baştutanlary Özbegistanyň görnükli döwlet we syýasy işgärini hem-de türkmen-özbek dost-doganlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine ägirt uly goşant goşan şahsyýeti hatyralap, onuň aramgähine gül desselerini goýdular.

Soňra iki ýurduň Liderleri ýörite taýýarlanylan ýere bardylar. Yslam dünýäsine mahsus däplere laýyklykda, mukaddes Gurhandan süreler okaldy we Beýik Biribardan dilegler edildi.

Hormatly Prezidentimiz Özbegistanyň Prezidenti bilen bilelikde Gündogaryň gadymy däplerini we häzirki zaman ýörelgelerini özünde jemleýän Samarkant şäheriniň taryhy-medeni ýadygärlikler toplumynyň özboluşly aýratynlyklaryny synlady. Şäheriň binagärlik we arheologik ýadygärlikleri ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Gadymy döwürde bu şäher Beýik Ýüpek ýolunyň esasy ugurlarynyň birinde ýerleşipdir.

Rowaýata öwrülen kerwen ýollary köp asyrlaryň dowamynda Türkmenistanyň we Özbegistanyň çäginden geçip, Aziýa bilen Ýewropanyň, Gündogar bilen Günbataryň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmeginde möhüm ähmiýete eýe bolupdyr. Beýik Ýüpek ýoly diňe bir ulag geçelgesi bolmak bilen çäklenmän, eýsem, ýurtlaryň arasynda dürli görnüşli haryt dolanyşygyny işjeňleşdirýän ýola öwrülipdir. Ol döwletleriň we halklaryň arasyndaky gatnaşyklaryň möhüm şertini emele getiripdir. Beýik Ýüpek ýoly arkaly syýasy gatnaşyklar ýola goýlupdyr, medeniýetleriň özara baýlaşmagyna, ylmy gatnaşyklaryň ösdürilmegine oňyn şertleri üpjün edipdir. Bu ýol arkaly dürli tehnologiýalar, ýüpek matalar, kagyz, aýna we aýna önümleri daşalypdyr. Şunda biziň ýurtlarymyza möhüm orun degişli bolupdyr.

Häzirki döwürde gadymy ýörelgeleri dikeltmek, baý milli mirasy aýawly saklamak, olary ylmy esasda öwrenmek we giňden wagyz etmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi. Özboluşly taryhy-binagärlik ýadygärlikleri, milli däpler, umumadamzat gymmatlyklarynyň hazynasyna ägirt uly goşant goşan türkmen halkynyň milli sungatynyň görnüşleri halkymyzyň häzirki döwürde gazananlarynyň özenini düzýär. “Gadymy Merw”, “Köneürgenç”, “Nusaý” ýaly dünýä belli taryhy-medeni ýadygärliklerimiz ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. “Görogly” dessançylyk sungaty, “Küştdepdi” aýdym we tans dessury, türkmen milli halyçylyk sungaty, dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawynda mynasyp orun aldylar.

Türkmenistan ÝUNESKO-nyň Bütindünýä sanawyna halkymyzyň maddy we maddy däl medeniýetiniň görnüşlerini we beýleki desgalary goşmak baradaky başlangyjy öňe sürdi. Bu ugurdaky işler yzygiderli dowam etdirilýär. Şeýle hem ynsanperwer ulgamynda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikler açylýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasyna şu gezekki döwlet saparynyň maksatnamasyna Samarkanda baryp görmek çäresiniň goşulmagynda aýratyn many bar. Doganlyk halklaryň milli medeniýetleriniň we däpleriniň umumylygy, asyrlar aşyp gelýän hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn pugtalandyrmak, onuň mazmunyny baýlaşdyrmak üçin pugta binýady emele getirýär.

Soňra döwlet Baştutanlarynyň bilelikdäki awtoulag kerweni orta asyrlaryň ähmiýetli desgalarynyň biri hasaplanýan Ulugbegiň obserwatoriýasyna bardy. Bu desga XV asyryň birinji ýarymynda Kuhak şäheriniň çägindäki belent baýryň üstünde gurlupdyr. Bu ýerde döwlet Baştutanlary obserwatoriýanyň döreýiş taryhy we onuň aýratynlyklary bilen tanyşdyryldy. Aýlawly görnüşde bina edilen üç gatly desganyň ýokarsynda umumy ýaýrawy 40,21 metr bolan täsin enjam oturdylypdyr. Onuň kömegi arkaly ýyldyzlaryň ýerleşýän belentlikleriniň ölçegleri, olaryň meridianlaryň üstünden geçýän pursatlary kesgitlenipdir. Bu ýerde degişli gözegçilik işleri alnyp barlypdyr. Şonuň netijesinde, 1018 sany ýyldyzyň ýazgysyny özünde jemleýän ýyldyzly asmanyň katalogy düzülipdir. Teýmirler imperiýasyny esaslandyran hem-de oňa hökümdarlyk eden Emir Teýmiriň agtygy Ulugbeg bu obserwatoriýany döredipdir we oňa ýolbaşçylyk edipdir.

Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentleri obserwatoriýanyň çägindäki muzeýiň gymmatlyklary bilen tanyşdylar. Munuň özi orta asyrlarda Gündogarda ylmyň ösüş derejesiniň ýokary bolandygyny görkezýär. Diňe bir şöhratly hökümdar däl, eýsem, zehinli matematik, astronom, belli alym hökmünde tanalan Ulugbegiň döwründe bu ýerde häzirem dünýäde giňden ulanylýan täsin açyşlary eden köp sanly alymlar işläpdirler.

Jemgyýetçilik ösüşinde ylmyň we bilimiň möhüm orun eýeleýändigini aýratyn bellemeli. Türkmenistanyň baý taryhy munuň şeýledigini tassyklaýan çeşmeleri özünde jemleýär. Biziň ýurdumyzyň çäginde-de Gadymy Merw ýaly iri medeni we ylmy merkezde görnükli alymlar, filosoflar, edebiýatçylar işläpdirler. Hut şonuň üçin hem ylym-bilim ulgamynyň işini kämilleşdirmek, ony ösdürmek Türkmenistanyň täze taryhy eýýamdaky döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar.

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ynsanperwer gatnaşyklaryň ösdürilmegine, şol sanda medeniýet we muzeý işi ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyga aýratyn üns berilýär. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi bilen Özbegistan Respublikasynyň Ylymlar akademiýasynyň Teýmirleriň taryhy Döwlet muzeýiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilmegi hut şu ugur boýunça gatnaşyklaryň ösdürilmegine gönükdirilendir. Ol hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň goňşy ýurda şu saparynyň çäklerinde gol çekilen resminamalaryň hatarynda möhüm orny eýeleýär.

Soňra döwlet Baştutanlary Teýmiriň aramgähine baryp gördüler. Bu aramgäh ady rowaýata öwrülen serkerdäniň we hökümdaryň Samarkantda gurduran soňky binalarynyň biridir. Ol Teýmiriň başlangyjy bilen, onuň öz serişdeleriniň hasabyna bina edilýär. Aramgäh orta asyr şäher gurluşygynyň we yslam binagärliginiň ajaýyp desgalarynyň biri hökmünde ykrar edildi. Teýmiriň aramgähi gurluşynyň ýönekeýligi, şol bir wagtyň özünde binagärlik babatdaky kaşaňlygy bilen tapawutlanýar.

Aramgähi synlap, Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew ýörite taýýarlanylan ýere geçýärler. Musulman dessuryna laýyklykda, bu ýerde mukaddes Gurhandan süreler okalýar we Beýik Biribardan dilegler edilýär.

Samarkandyň taryhy-medeni ýadygärlikler toplumy bilen tanyşlygyň dowamynda döwlet Baştutanlary şäheriň esasy künjekleriniň biri hasaplanýan Registan meýdançasyna tarap ugradylar. Bu ýerde Ulugbeg, Şerdor we Tilla-Kori ýaly üç sany medresäni özünde jemleýän XV — XVII asyrlara degişli ajaýyp binagärlik toplumy ýerleşýär. Munuň özi Gündogaryň we yslam binagärliginiň özboluşly şähergurluşyk sungatynyň ajaýyplyklarynyň biri bolup durýar.

Ulugbeg medresesi öz döwrüniň talaplaryna laýyklykda, musulman ýörelgeleri boýunça bina edilipdir. Registan meýdançasynyň günbatar künjeginde gurlan medrese Orta Aziýanyň we Ýakyn Gündogaryň ylahyýet okuw mekdepleriniň nusgawy görnüşleriniň biri bolup durýar. Medrese gönüburçly binadan ybaratdyr. Onuň daşky merkezi girelgesindäki kaşaň peştak binanyň esasy bölegi bolup durýar. Onuň içinde üç sany girelge bolup, olaryň hersiniň aýlawly örtükleri bar. Desganyň dört burçunda beýikligi 33 metr bolan minara galdyrylypdyr. Häzirki döwürde olaryň diňe gündogar tarapyndakylary saklanyp galypdyr. Ýokary çeperçilik we amaly bezegleri medresäniň aýratynlyklarynyň biri bolup durýar.

Ulugbeg medresesi XV asyryň musulman Gündogarynyň iň gowy ylahyýet uniwersiteti hasaplanypdyr. Bu ýerde matematika, geometriýa, logika, tebigy ylymlar we beýleki dersler, Biribara gulluk etmegiň ugurlary boýunça sapaklar guralypdyr.

Şerdor medresesi Registan meýdançasynyň gündogar künjeginde gurlupdyr. Bu ýerde ozal Ulugbegiň sopuçylyk binasy ýerleşýän eken. Köp asyrlaryň dowamynda ol yslam dünýäsiniň bilim edaralarynyň arasynda meşhurlyk gazanypdyr. Desga Orta Aziýanyň orta asyrlar binagärlik ýörelgeleri esasynda gurlupdyr. Binagäriň çözgüdi esasynda Şerdor medresesi özüniň gabat garşysynda ýerleşýän Ulugbeg medresesine meňzeş bolupdyr. Ýöne onuň käbir binagärlik çözgütleri has soňky döwrüň şertleri esasynda özboluşlylygy özünde jemläpdir.

Medresäniň esasy girelgesiniň ýokarky böleginde keýik awlaýan gaplaňa meňzeş, ýöne ýolbarsa çalym edýän hyýaly haýwanyň şekili ýerleşdirilipdir. Onuň aňyrsynda dogup gelýän Günüň şekili bar. Hut şu görnüşler hem medresäniň “Şerdor” diýlip atlandyrylmagy üçin esas bolupdyr.

Registan meýdançasynyň toplumyna syn etmegiň barşynda Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentleri Tilla-Kori medresesine gelip görmäge çagyryldy. Bu ylahyýet bilim ojagy XVII asyrda bina edilipdir. Ol meýdanyň demirgazyk künjeginde ýerleşýär. Şeýlelikde, bu ýerde jemlenen binagärlik toplumy bir bitewüligi emele getirýär.

Medresäniň esasy girelgesi merkezi girelgeden we iki gatly aýlawly ganatlary bolan örtük görnüşli girelgeden ybaratdyr. Onuň her burçundaky binalar medresäniň minaralarynyň hyzmatyny ýerine ýetiripdirler. Desganyň taslamasy taýýarlananda, onda ýokary ylahyýet mekdebini juma metjidi bilen birleşdirmek baradaky çözgüt kabul edilipdir. Binagär bu desgany meýdançada ýerleşýän beýleki medreseleriň binagärlik keşbine meňzetmändir. Ol medresäniň esasy girelgesiniň ganatlaryny ösdüripdir. Bu bolsa meýdançanyň jemleýji binagärlik çözgüdine öwrülipdir.

Registan meýdançasyndaky toplumyň merkezi binasy bolup durýan medresäniň diwarlarynda dürli şekiller döredilipdir. Onda geometrik şekiller ösümlikleriň görnüşleri bilen utgaşdyrylypdyr. Içki bezeginde altynsow şekilleriň ulanylmagy medresäniň “altyn bilen bezelen” diýen ada eýe bolmagyny şertlendiripdir.

Tilla-Kori medresesi öz taryhynyň dowamynda diňe bir bilim berilýän bina bolmak bilen çäklenmän, metjit hökmünde-de möhüm orun eýeläpdir. 2001-nji ýylda üç medreseden ybarat bolan bu toplum Samarkandyň beýleki taryhy binalary bilen bilelikde ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi.

Häzirki döwürde Tilla-Kori medresesinde muzeý ýerleşýär. Ondaky gymmatlyklar Registan meýdançasynyň döwrebaplaşdyrylyşy, şeýle hem Samarkandyň taryhy, şol döwrüň durmuş derejesi, onuň ilatynyň senetçiligi, amaly-haşam sungaty barada gürrüň berýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tanyşlygyň barşynda muzeýiň gymmatlyklary bilen gyzyklandy. Tilla-Kori medresesiniň binagärlik, bezeg aýratynlyklary hem-de muzeý gymmatlyklary bilen tanşyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Prezident Şawkat Mirziýoýewe we özbek tarapynyň wekillerine özboluşly syýahat üçin minnetdarlyk bildirdi.

Soňra bu ýerde Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentleri bilelikde ýadygärlik surata düşdüler.

Samarkandyň taryhy-medeni ýadygärlikleri bilen tanyşlyk tamamlanandan soňra, Türkmenistanyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidentleri ýokary derejeli myhmanlary kabul ediş merkezine tarap ugradylar.

Bu ýerde belent mertebeli myhmanyň hormatyna özbek tarapynyň adyndan resmi günortanlyk nahary berildi. Onuň dowamynda Özbegistan Respublikasynyň sungat ussatlarynyň çykyşy boldy.

Soňra Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew Samarkandyň Halkara howa menziline tarap ugradylar.

Döwlet Baştutanlary düýn ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň netijelerine çuňňur kanagatlanma bildirip, Türkmenistanyň we Özbegistanyň dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna pugta ygrarlydyklaryny, taraplaryň özara bähbitlilik, deňhukuklylyk, strategik esasda giň gerimli hyzmatdaşlygy ösdürmäge meýillidiklerini tassykladylar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow özbek kärdeşine mähirli kabul edilendigi we myhmansöýerlik üçin ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirip, onuň bilen hoşlaşdy hem-de Özbegistan Respublikasyna döwlet saparynyň maksatnamasyny tamamlap, uçara mündi we Watanymyza ugrady.

Hormatly Prezidentimiziň uçary Aşgabada çenli uçuşy amala aşyryp, paýtagtymyzyň Halkara howa menziline gondy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar garşyladylar.