Ï Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Prezidentini gutlady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Prezidentini gutlady

view-icon 4171

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Gruziýanyň Prezidenti hanym Salome Zurabişwilä hem-de ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Biziň döwletlerimiziň arasyndaky gatnaşyklar birek-birege hormat goýmaga, deňhukuklylyga hem-de özara ynanyşmaga esaslanýar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we Türkmenistanyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine gyzyklanma bildirýändigini nygtap, ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de gyşarnyksyz ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Salome Zurabişwilä tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Gruziýanyň halkyna bolsa öňegidişlik, gülläp ösüş arzuw etdi.