Ï Küşt ýaryşynyň ýeňijileri belli boldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Küşt ýaryşynyň ýeňijileri belli boldy

view-icon 4934
Küşt ýaryşynyň ýeňijileri belli boldy
Küşt ýaryşynyň ýeňijileri belli boldy
Küşt ýaryşynyň ýeňijileri belli boldy
Küşt ýaryşynyň ýeňijileri belli boldy
Küşt ýaryşynyň ýeňijileri belli boldy
Küşt ýaryşynyň ýeňijileri belli boldy

Paýtagtymyzyň Küşt we şaşka mekdebinde diplomatlaryň arasynda guralan iki günlük açyk halkara ýaryşyna gatnaşmaga diplomatlaryň maşgala agzalary, Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary hem-de hemaýatkärleriň wekilleri çagyrylyp, ol şenbe güni tamamlandy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Hindistanyň Aşgabatdaky ilçihanasy we ýurdumyzyň Küşt boýunça federasiýasy ýaryşyň guramaçylary bolup çykyş etdiler. Bu ýaryş 2022-nji ýylyň 28-nji iýulyndan 10-njy awgusty aralygynda Hindistanyň Çennai şäherinde geçiriljek 44-nji Bütindünýä küşt olimpiadasyna bagyşlanyldy.

Şweýsar ulgamy boýunça 7 tapgyrda geçirilen ýaryşa, Aşgabatda wekilçilik edýän dürli ilçihanalaryň hem-de halkara guramalaryň onlarçasyndan küşt söýüjileriň 30-dan gowragy gatnaşdy. Ýeňijiler dürli ugurlar boýunça kesgitlenildi.

Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň metbugat-beýanatynda habar berlişi ýaly, umumy hasapda doly derejeli netijäni – mümkin bolan 7 utugyň 7-sini hem gazanmagy Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň 4-nji ýyl talyby Annagözel Mekanowa başardy. Ondan 2 utuk yza galan küştçüleriň bäşisi degişlilikde 2-nji we 6-njy orunlary paýlaşdylar. Goşmaça görkezijiler boýunça geljekki diplomat Azym Ýangibaýew kümüş baýragyň eýesi boldy. HIL-TM kompaniýasynyň wekili Isaguly Rzagulyýew üçünji orna mynasyp boldy. Ermenistanyň ilçihanasynyň diplomaty Arşak Geworkýan, ABŞ-nyň ilçihanasynyň diplomaty Braýan Dewis we Hindistanyň ilçihanasynyň konsuly Sunil Raj Kumar Mallapragada güýçlüleriň altylygyna girdiler.

Zenanlaryň ýaryşynda Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyp gyzlary Akgözel Rasulowa hem-de Bahar Çoganowa degişlilikde 1-nji we 2-nji orunlary, BMG-niň Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň işgäri Elina Larina bolsa 3-nji orna mynasyp boldy.

Toparlaýyn bäsleşikde BMG-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň işgäri Geldi Myradowyň maşgalasy ýeňiş gazandy, onuň iki gyzy 14 ýaşa çenli çagalar tapgyrynda baýrakly orunlara mynasyp boldular.

Ýaryş tamamlanandan soňra ýeňijileri sylaglamak dabarasy boldy. Öz nobatynda, Türkmenistanyň Küşt federasiýasy guramaçylaryň adyndan hemaýatkärlere we meýletinçilere Hoşallyk güwänamasyny gowşurdy.