mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň gurluşygy dowam edýär

view-icon 2379

Şu günler Köýtendag etrabynyň çäginde Lebap sement zawodynyň 2-nji tapgyrynyň gurluşygy güýçli depginde dowam etdirilýär. Ýurdumyzyň senagat toplumy üçin möhüm ähmiýete eýe boljak bu kuwwatly zawodyň gurluşygy “Türkmen enjam” hojalyk jemgyýeti tarapyndan alnyp barylýar.

Gurluşyga 2020-nji ýylyň tomsunda Gahryman Arkadagymyzyň ak pata bermegi bilen badalga berlipdi. Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň buýurmasy esasynda gurulýan bu kuwwatly zawodyň gurluşygynda hünärmenleriň 650-den gowragy zähmet çekýär. Täze sement zawodynyň önümçilik kuwwaty ýylda bir million tonna deňdir. Häzirki hereket edýän zawodda portland sementiniň S – 400 we S – 500 görnüşleri öndürilýän bolsa, 2-nji tapgyrda guruljak kärhanada has ýokary hilli S – 600 görnüşli sementiň hem önümçiligi ýola goýlar. Zawodda gurluşyk üçin örän möhüm serişdeleriň biri bolan sement önümleri dünýä we döwlet derejesindäki standartlara laýyklykda öndüriler. Täze tapgyrda gurulýan kärhanada Germaniýanyň, Türkiýäniň we beýleki Ýewropa döwletleriniň belli kompaniýalarynyň häzirkizaman enjamlary oturdylar we işler esasan awtomatik usulda alnyp barlar.

Bu ýerde döwrebap tehnologiýalar bilen üpjün edilen, ýyllyk kuwwaty bir million tonna barabar bolan Lebap sement zawody hereket edýär. Bu kuwwatly kärhananyň önümleri ýurdumyzyň çar künjünde dowam edýän gurluşyklar üçin örän uly ähmiýete eýe bolup, şonuň bilen birlikde daşary döwletlere hem eksport edilýär.

Köýtendag sebitiniň gurluşyga degişli sement öndürmeklik üçin zerur bolan hek daşynyň, kwars çägesiniň, gips we toýun ýaly çig mal känleriniň zawodyň çägine ýakyn ýerleşmekligi, işleri bökdençsiz alyp barmaga we önümiň özüne düşýän gymmatyny peseltmäge mümkinçilik berýär. Kärhanada portland sementi bilen birlikde, gidrotehniki binalaryň gurluşygynda ulanylýan sulfata durnukly sementiň öndürilýändigi hem aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Lebap sement zawodynyň 2-nji tapgyrynyň gurluşygynyň tamamlanyp işe girizilmegi, ýokary hilli sementiň öndürilişini iki esse artdyrmaga mümkinçilik berer.