Daşoguz welaýatynyň ekerançylary gök we bakja önümleriniň hasylyny ýygýarlar. Şu güne çenli bu ýerde ekin meýdanlaryndan pomidoryň, käşiriň, kelemiň ilkinji müňlerçe tonnasy ýygnaldy, şeýle hem hyýary ýygnamak işi ýokary depginde alnyp barylýar.
Häzirki oba hojalyk ýyly ýerli daýhanlar üçin aýratyn jogapkärlidir, şu ýyl welaýatda gök we bakja ekinleriň görnüşleriniň öndürilişi artdy.
Sebitde 24 müň tonnadan gowrak pomidoryň we 2 müň tonnadan gowrak hyýaryň, 13 müňden tonnadan gowrak ýazlyk käşiriň hasylyny öndürmek meýilleşdirilýär. Bu geçen ýyllar bilen deňeşdirilende, ep-esli köpdür.
Şunuň ýaly özgerişler ýurdumyzyň oba hojalyk senagat toplumynyň öňünde onuň işini gowulandyrmak, azyk önümleriniň öndürilişini artdyrmak we içerki bazarda azyk bolçulygyny döretmek, ýurdumyzyň oba hojalyk toplumyny ýokary girdejili pudaga öwürmek boýunça goýlan wezipeler bilen baglanyşyklydyr.
Şonuň üçin-de gök önümleri ösdürip ýetişdirmek işinde zerur bolan ähli agrotehniki çäreleriň öz wagtynda geçirilmegine, ekine dogry ideg etmäge aýratyn üns berilýär.
Welaýatyň ekerançylary ýokary hasyllylygy häzirki zaman agrotehnologiýasynyň, suw gorlarynyň tygşytly we netijeli ulanylmagynyň, sebitiň tebigy-howa şertlerine laýyk gelýän ekin meýdanlarynyň hasabyna gazanyp boljakdygyna düşünýärler.
Ilatymyzy özümizde öndürilen ýokary hilli iýmit önümleri bilen durnukly üpjün etmek, demirgazyk sebitiň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän ekinleriň görnüşlerini döretmek esasy ugurlaryň biridir.