Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygyndaky çykyşynda sebit we ählumumy howpsuzlygyny üpjün etmegiň dürli ugurlaryny beýan edip, owgan ugrunda bilelikde işlemegiň Merkezi Aziýa ýurtlary üçin sebitleýin howpsuzlyk ulgamynda hyzmatdaşlygyň möhüm bölegi bolup durýandygyny aýtdy.
Türkmenistanyň Prezidenti: «Owganystan bilen aýratyn taryhy gatnaşyklara eýe bolan goňşy döwletler hökmünde biz bu ýurtdaky ýagdaýy durnuklylaşdyrmaga, parahatçylykly gepleşikler arkaly umumymilli ylalaşygy gazanmak üçin şertleri döretmäge, terrorçylyga garşy göreşmek boýunça halkara tagallalara goldaw bermäge, Owganystanyň halkyna ykdysady we ynsanperwerlik kömegini bermäge gönükdirilen tagallalary güýçlendirmegi dowam etdirmelidiris» diýip nygtapdy. Şu jähtden Daşkentde Owganystan boýunça halkara maslahatyň geçirilmegi goldanyldy.
Dünýä ýurtlarynyň 20-sinden gowragynyň we halkara guarmalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda Owganystan boýunça Halkara maslahat Daşkentde 25-26-njy iýulda geçiriler. Çäräniň esasy maksady – dünýä bileleşiginiň Owganystanda durnuklylyga, howpsuzlyga, gapma-garşylyklardan soňky dikeldişe we köpmilletli owgan halkynyň hem-de tutuş düýäniň bähbitlerine onuň sebit hyzmatdaşlygyna goşulyşmagyna ýardam etmek meselelerine çemeleşmelerine çäreler we teklipler toplumyny işläp taýýarlamakdyr.
Forum Owganystan boýunça ýokary derejedäki «Howpsuzlyk ulgamynda hyzmatdaşlyk we sebit gatnaşyklarynda parahatçylykly ýagdaý» (2018-nji ýylyň 27-nji marty) Daşkent halkara maslahatynyň hem-de ýokary derejedäki «Merkezi we Günorta Aziýa: sebit özara baglanşygy. Wehimler we mümkinçiliker» (2021-nji ýylyň 15-16-njy iýuly) Daşkent halkara maslahatynyň logiki dowamy bolar.