mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

Türkmenistan howpsuzlyk ulgamynda täze teklipleri öňe sürdi

view-icon 1410
Türkmenistan howpsuzlyk ulgamynda täze teklipleri öňe sürdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygynda howpsuzlygyň berk we uzak möhletli ulgamyny döretmek, bolup biläýjek, öňe gitmäge päsgel berip ýa-da bökdäp biläýjek howplary aradan aýyrmak boýunça netijeli çäreleriň görülmegine gönükdirilen täze oňyn başlangyçlar bilen çykyş etdi.

Döwlet Baştutanymyz Merkezi Aziýanyň parahatçylyk, ösüş üçin howplardan azat, durnuklylyk we ynanyşmak zolagy bolup galmagy üçin syýasy-diplomatik gatnaşyklary işjeňleşdirmegi hem-de güýçlendirmegi, ýagdaýy hemişe öwrenmegi, öz wagtynda maglumatlary alyşmak, çözgütleri kabul etmek üçin esas hökmünde dünýäde bolup geçýän ýagdaýlary içgin seljermegi teklip etdi.

Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary syýasat edaralaryna BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň gatnaşmagynda ýakyn iki ýyl üçin howpsuzlyk ulgamynda gün tertibiniň ähli ugurlary boýunça «Ýol kartasyny» işläp taýýarlamak tekip edilýär. Şunda sebit çäklerinde, şeýle hem beýleki döwletler bilen bilelikde gapma-garşylyklary aradan aýyrmak, olary gepleşikler ýoly arkaly çözmek üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen, diplomatik gatnaşyklary işjeňleşdirmek onuň wajyp guraly hasaplanylýar.

Halkara gatnaşyklarynda ynanyşmagyň ählumumy derejede wajyplygyny nygtap, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow häzirki wagtda Türkmenistanyň BMG-de 2023-nji ýyly halkara derejede «Dialog – parahatçylygyň kepili» diýip yglan etmek baradaky başlangyjy taýýarlaýandygyny aýtdy. Türkmenistanyň BMG-de Baş Assambleýanyň «Merkezi Aziýada parahatçylyk we ynanyşmak zolagy» atly Kararnamasyny işläp taýýarlamak teklibi hem, şu maksada gönükdirilendir.

Parahatçylyga we ösüşe garşy bolup biläýjek howplaryň öňüni almakda, berk howpsuzlyk ulgamyny döretmekde sebitde öňüni alyş diplomatiýasynyň, hususan-da, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň gurallaryny ulanmagyň möhüm ähmiýeti bar. Şunuň bilen baglylykda Türkmenistanyň Prezidenti BMG-nyň sebitdäki parahatçylyk dörediji bu edarasyna hemmetaraplaýyn goldaw, ýardam bermäge çagyryp, şu ýylyň güýzünde Merkezi Aziýa döwletleriniň Daşary işler ministrlikleriniň sebit merkeziniň ýolbaşçylarynyň derejesinde geňeşmeleri geçirmegi teklip etdi.