Türkmenistan BMG-de döwletara gatnaşyklarda ynanyşmagy ýokarlandyrmaga gönükdirilen parahatçylykdörediji başlangyçlaryň birnäçesini taýýarlaýar. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gyrgyzystan Respublikasynyň Çolpon-Ata şäherinde geçirilen Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň 4-nji konsultatiw duşuşygynda aýtdy.
«Döwletara gartnaşyklarynda ynanyşmak, halkara syýasatda we ykdysadyýetde çökgünlik ýagdaýlary bilen baglylykda, häzirki wagtda medeniýetiň dialogy baradaky mesele ählumumy ähmiýete eýe bolýar» – diýip döwlet Baştutanymyz belledi.
Hormatly Prezidentimiz Merkezi Aziýa ýurtlarynyň birek-birek bilen özara gatnaşyklarda hormat goýmagyň, deňhukuklylygyň, ynanyşmagyň göreldesini görkezmelidigini hem-de bu pikirleri halkara giňişlikde işjeň ilerletmelidigini belledi.
«Häzirki wagtda Türkmenistan BMG-de 2023-nji ýyly halkara derejede «Dialog — parahatçylygyň kepili» diýip yglan etmek hem-de Baş Assambleýanyň «Merkezi Aziýada parahatçylyk we ynanyşmak zolagy» atly Kararnamasyny işläp taýýarlamak baradaky başlangyçlary taýýarlaýar» – diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we bu oňyn teklipleriň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ählisi tarapyndan goldanyljakdygyna ynam bildirdi.
Hormatly Prezidentimiziň aýtmagyna görä, gapma-garşylyklary aradan aýyrmakda, olary gepleşikler arkaly çözmek üçin amatly şertleri döretmekde halkara tagallalary goldamak maksady bilen, sebitiň çäklerinde we beýleki döwletler bilen bilelikde diplomatik gatnaşyklary işjeňleşdirmek maksadalaýykdyr.
Şu babatda sebitiň ýurtlary sebitde, hususan-da, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň işi arkaly öňüni alyş diplomatiýasynyň gurallaryny ulanmaga öz garaýyşlaryny teklip etmelidir – diýip döwlet Baştutany nygtady.
«Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň güýzünde Merkezi Aziýa döwletleriniň Daşary işler ministrlikleriniň sebit merkeziniň ýolbaşçylarynyň derejesinde geňeşmeleri geçirmegi teklip edýärin» – diýip hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy.