Ï Türkmenistanyň Prezidenti sebitde maglumat giňişligini netijeli goramagy teklip etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti sebitde maglumat giňişligini netijeli goramagy teklip etdi

view-icon 3673
Türkmenistanyň Prezidenti sebitde maglumat giňişligini netijeli goramagy teklip etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa ýurtlaryny maglumat giňişligini netijeli goramak üçin çäre görmäge çagyrdy.

Bu barada döwlet Baştutanymyz Gyrgyzystan Respublikasynyň Çolpon-Ata şäherinde geçirilen Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň 4-nji konsultatiw duşuşygyndaky çykyşynda aýratyn üns çekdi.

«Şeýle hem sebitde maglumat giňişligini netijeli goramak üçin biziň ýurtlarymyzyň döwlet maglumat düzümleriniň arasynda hünär gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň üstünde işlemegi teklip edýäris. Täsirli meseleler şöhlelendirilende, nähilidir bir «Özüňi alyp barmagyň kodeksini» işläp taýýarlamak mümkin bolsa gerek» – diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Bu babatda, ol döwlet habar gulluklarynyň, metbugat serişdeleriniň we elektron köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň gatnaşmagynda howpsuzlyk meselelerine bagyşlanan Merkezi Aziýa metbugat forumyny geçirmek pikirini ara alyp maslahatlaşmagy teklip etdi.

«Şunuň bilen baglylykda, Döwlet habarlar agentlikleriniň, metbugat serişdeleriniň, elektron köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň gatnaşmagynda howpsuzlyk meselelerine bagyşlanan Merkezi Aziýa mediaforumyny geçirmek pikirine garamak bolar. Munuň özi oňyn maglumat ýagdaýyny döretmäge, sebitdäki anyk ýagdaýa, bu ýerde bolup geçýän wakalara, döwletleriň we hökümetleriň Merkezi Aziýanyň parahatçylykly hem-de durnukly ösüşi, biziň halklarymyzyň abadançylygy üçin şertleri üpjün etmek babatdaky tagallalaryna oňat düşünmäge ýardam berer diýip pikir edýärin» – diýip hormatly Prezidentimiz belledi.