Ï Aramgähde rejeleýiş işleri geçirilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aramgähde rejeleýiş işleri geçirilýär

view-icon 5077
Aramgähde rejeleýiş işleri geçirilýär

Köneürgenjiň döwlet taryhy we medeni goraghanasynyň hünärmenleri Ibn Hajybyň aramgähini rejelemek we abatlamak babatda degişli işlerini alyp barýarlar. Gadymy şäheriň binagärlik toplumyndan biraz uzaklykda ýerleşýän bu aramgäh XIV-XVI asyrlara degişli binagärlik toplumydyr.

Gündogar binagärliginiň bu ýadygärligi aslynda iki otagly aramgäh bolup, soňra onuň gapdalynda metjit we medrese gurlupdyr. Aramgähiň içinde gubur ýerleşýär. Bu aramgähdäki gubur XIV asyra degişli hasaplanýar. Ol ýokary hilli syrçaly ýuka kerpiçler bilen örtülip, ýüzüne arap hatynda ýazgylar bar.

XX asyra çenli ol ýerde çagalary okadypdyrlar.

Zyýaratçylar we jahankeşdeler ir döwrüň bilim edaralarynyň biri hökmünde oňa hormat goýýarlar.

Türkmenistanyň demirgazyk sebiti, Gündogar binagärliginiň ählumumy ykrar edilen ajaýyp toplumy bilen meşhurdyr. Sebitiň taryhy we medeni ýadygärlikleriniň iň möhüm bölegi Köneürgenç şäheriniň çäginde, gadymy Gurgenjiň ýerinde ýerleşýär. 2005-nji ýylda olar ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Döwletimizde bu milli taryhy we medeni mirasymyzy öwrenmek, gorap saklamak, medeni baýlygymyzy çuňňur öwrenmek ugrunda yzygiderli iş alyp barylmagy ildeşlerimizde buýsanç döredýär.