Ï Türkmenistanda ÝUNESKO-nyň ilkinji kluby açyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda ÝUNESKO-nyň ilkinji kluby açyldy

view-icon 5646

22-nji iýulda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda «Parahatçylyk dilleri» atly ýurdumyzda ÝUNESKO-nyň ilkinji klubunyň açylyş dabarasy boldy. ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň Sekretariaty we bu ýokary okuw mekdebiniň rektoraty bu taslamanyň guramaçylary bolup çykyş etdiler.

Açylyş dabarasyna ýokary okuw mekdebiň ýolbaşçy düzümi, mugallymlardyr talyplar, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň Sekretariatynyň hem-de jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri gatnaşdylar.

ÝUNESKO-nyň klubunyň döredilmeginiň esasy maksady ylym, medeniýet we bilim ulgamlarynda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek arkaly parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmäge ýardam etmek, ÝUNESKO-nyň ynsanperwer ýörelgelerini we ugurlaryny, adamlaryň arasynda parahatçylyk we özara düşünişmek baradaky maksatlaryny wagyz etmek üçin talyp ýaşlary we uly ýaşly adamlary ÝUNESKO-nyň klubuna birleşdirmekden ybaratdyr. Klubyň wezipesi medeniýetleriň arasyndaky aragatnaşyklar, beýleki medeniýetlere hormat bilen garamagy terbiýelemek, medeni-taryhy gymmatlyklary gorap saklamak, tebigaty goramak bilen birlikde halkara guramasynyň ugurlaryny ösdürmegi dowam etmek bolup durýar. 

Açylyş dabaranyň çäklerinde oňa gatnaşyjylara ýaşlarda medeniýet, öz ýurtlarynyň däp-dessurlary, döredijilik we gözleg alyp barmak işlerinde tejribä eýe bolmak baradaky bilimleriň kemala gelmeginde ÝUNESKO-nyň klubunyň ähmiýeti barada gürrüň berdiler. Onuň dowamynda çärä gatnaşyjylar ÝUNESKO-nyň klubunyň häzirki zaman ölçeglerine laýyklykda enjamlaşdyrylan otagyna çagyryldylar, şol ýerde olar, ÝUNESKO-nyň resminamalary, ÝUNESKO-nyň işleri barada maglumat berýän serişdeler hem-de türkmen halkynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni-mirasynyň sanawyna girizilen taryhy-medeni mirasynyň desgalary bilen tanyşdylar.

ÝUNESKO-nyň klubunyň açylyş dabarasy maslahatlaşmalar we bu ýokary okuw mekdebiň talyplarynyň aýdym-sazly çykyşlary bilen utgaşdy.

ÝUNESKO-nyň «Parahatçylyk dilleri» kluby dil bilimi ulgamynda bu ýeke-täk türkmen ýokary okuw mekdebiniň talyplarynyň, aspirantlarynyň hem-de mugallymlarynyň meýletin jemgyýetçilik birleşmesi görnüşindedir. 

ÝUNESKO-nyň «Parahatçylyk dilleri» klubunyň alyp barýan işiniň esasy ugurlary: medeniýetleriň arasyndaky aragatnaşyklar, ylym-bilim taslamalaryna gatnaşmak bolup durýar. Işleriň çäklerinde DÖM 4 – Bilim-2030 maksatnamasyna gatnaşmak boýunça forumlary we okuw maslahatlaryny geçirmek göz öňünde tutulýar. Klub ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalary hem-de medeniýet merkezleri we ÝUNESKO-nyň klublarynyň sebitleýin Assosiasiýalary bilen hyzmatdaşlyk eder. 

Ýakyn wagtda ÝUNESKO-nyň klublarynyň Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda we ýurdumyzyň welaýatlaryndaky ýokary okuw mekdepleriniň birinde açylmagy meýilleşdirilýär.