mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

Elektron hökümet sanly ulgamyň özgermegine giň mümkinçilikleri açýar

view-icon 2457
Elektron hökümet  sanly ulgamyň özgermegine giň mümkinçilikleri açýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Watan diňe halky bilen Watandyr!», «Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ynsanperwer ýörelgelerden ugur alýan hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň durmuş-ykdysady ösüş babatyndaky strategiýasynyň esasy wezipesi, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmaga gönükdirilendir.

Türkmenistan demokratik, hukuk kadalaryna esaslanýan, ykdysady taýdan durnukly ösýän döwlet hökmünde sebitde-de, dünýä jemgyýetçiliginde-de mynasyp orun eýeleýär. 

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022–2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022–2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» we «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň» esasy ugurlaryna laýyklykda, Türkmenistanda döwlet dolandyryş ulgamyny has-da döwrebaplaşdyrmakda giň mümkinçilikleri kemala getirilip, onuň jemgyýetçilik-syýasy hem-de kanunçylyk-hukuk esaslary yzygiderli kämilleşýär.

Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan özgertmegiň esasy ugurlaryny durmuşa geçirmek we ýurdumyzy strategik taýdan özgertmek hormatly Prezidentimiziň Milli Geňeşiň öňünde goýýan wezipeleriniň biri bolup durýar.

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda milli parlament ulgamynyň işini kämilleşdirmek boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär. ýagny milli kanunçylygymyzy kämilleşdirmek we ony halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyk getirmekde Arkadagly Serdarymyzyň berýän tabşyryklaryndan ugur alnyp hereket edýän kanunlarymyz döwrebaplaşdyrylýar. Ýaňy ýakynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi tarapyndan kabul edilen, Milli Geňeşiň Halk Maslahaty tarapyndan makullanylan «Elektron hökümet hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Kanun elektron hökümetiniň işiniň tertibini kesgitlemäge hem-de ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirmäge ýardam eder. Elektron hökümet hakynda Türkmenistanyň Kanuny Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan, «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda», «Maglumat we ony goramak hakynda», «Aragatnaşyk hakynda», «Innowasiýa işi hakynda», «Türkmenistanda Internet torunyň ösüşini we Internet hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda», «Kiberhowpsuzlyk hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryndan hem-de beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr.

Ösen bazar gatnaşyklaryny nazarlaýan işjeň syýasatyň esasy ugurlarynyň hatarynda durýan ylmy-tehniki döwrebaplaşmak, ähli ulgamlarda innowasiýalaryň ornaşdyrylmagy, öňdebaryjy tehnologiýalara daýanýan ösen senagaty kemala getirmek ýurdumyzyň strategik ugurlarynyň biri bolup durýar.

Dolandyryş, maliýe, önümçilik, durmuş we beýleki ulgamlara täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy bolsa ykdysadyýetiň oňyn netijeleriniň artmagyna getirýär.

Ýurdumyzda «Türkmenistanda 2019–2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» we «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021–2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda» kesgitlenilen wezipelere laýyklykda, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde öňde goýlan wezipeleri bolan, milli elektron haryt üpjünçiligi, elektron resminama dolanyşygy, maglumat-aragatnaşyk, şol sanda ýokary hilli we elýeter Internet hyzmatlary üpjün edilýär. Elektron senagatyny döretmek, işewürlige we maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň soňky gazananlaryna esaslanýan ösen ykdysadyýeti kemala getirmek, galyberse-de maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek hukuk kepilliklerini talap edýär.

«Elektron hökümet hakynda» Türkmenistanyň Kanuny elektron hökümetiň işiniň tertibini kesgitleýär. Kanun elektron hyzmaty bilen bagly gatnaşyklary düzgünleşdirmeklige niýetlenendir. Kanunda elektron hökümetiň işi babatda döwlet düzgünleşdirmesi we elektron döwlet hyzmatlaryny ýerine ýetirmekligiň kadalary kesgitlenen.

Kanunda elektron döwlet hyzmatlaryny ýerine ýetirýän döwlet edarasynyň beýleki döwlet edaralarynda bar bolan resminamalary hem-de maglumatlary almaly bolan halatlarynda, elektron döwlet hyzmatynyň ýerine ýetirilmegi köpugurly «Bir penjire» ulgamy boýunça amala aşyrylýandygy beýan edilýär. Bu ugurda elektron döwlet hyzmatlaryny ýerine ýetirýän döwlet edarasynyň görkezilen resminamalary we maglumatlary pudagara elektron maglumat alyş-çalyş ulgamy arkaly sargyt edijini gatnaşdyrmazdan, özbaşdak almaga bolan hukugy kepillendirilendir.

Kanunda elektron döwlet hyzmatlary ýerine ýetirilende, şeýle hem pudagara elektron maglumat alyş-çalşygyň barşynda döwlet edaralarynyň ulanýan resminamalary öz aralarynda bir ülňä getirilmelidigi hukuk taýdan berkidilen. Resminamalaryň bir ülňä getirilmegi ygtyýarly edara bilen bilelikde gönüden-göni döwlet edaralary tarapyndan amala aşyrylýandygy beýan edilen.

Kanunda göz öňünde tutulan kadalar häzirki döwürde derwaýys bolan jemgyýetçilik durmuşynda maglumatlaryň we maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň ornunyň ýokarlanmagyny, elektron söwdasynyň we hyzmatlarynyň artmagyny, raýatlaryň arasynda netijeli maglumat arabaglanyşygyny üpjün edýän global sanly giňişligiň döremegini, ilatyň elektron hyzmatlaryna bolan islegleriniň yzygiderli artmagyny, sanly ykdysadyýetiň, sanly elektron hökümetiň, sanly bazarlaryň emele gelmegini şertlendirer.

«Elektron hökümet» ulgamy ilata köp görnüşli döwlet hyzmatlarynyň berilmegini göz öňünde tutýar. Elektron hökümet işewürlik we maýa goýum işjeňligini ýokarlandyrmaga, döwrebap maglumat tehnologiýalarynyň jemgyýetiň ähli ugurlaryna giňden ornaşdyrylmagynyň hasabyna ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýşynyň hilini we ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna täze mümkinçilikleri açar.

Ýurdumyzda sanly ulgamyň mümkinçiliklerini ösdürýän we türkmen halkynyň eşretli durmuşda ýaşamagy üçin beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!