Ï Ulag-kommunikasiýalar ulgamynyň sanlylaşdyrylmagy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ulag-kommunikasiýalar ulgamynyň sanlylaşdyrylmagy

view-icon 5759
Ulag-kommunikasiýalar ulgamynyň sanlylaşdyrylmagy

2022-nji ýylyň 27-nji iýulynda Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýa agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk̓» agentliginiň edara binasynda, ulag-kommunikasiýalar ulgamynyň degişli hünärmenleiniň onlaýn gatnaşmagynda «Ulag we kommunikasiýalar toplumyny ösdürmegiň esasy ugurlary» atly maslahat geçirildi.

«Türkmenaragatnaşyk̓» agentligi tarapyndan gurnalan bu maslahata Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýa agentliginiň degişli ýolbaşçylary, hünärmenleri we ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary gatnaşdylar.

Günüň dowamynda geçirilen bu maslahatda «Aragatnaşyk ulgamynda sanly ykdysadyýetiň ornaşdyrylmagy», «Ulag-logistika ulgamynda döwrebap tehnologiýalar», «Sanly ykdysadyýet deňiz-deýa pudagynyň ynamly, döwrebap ösüşiniň binýdy», «Demir ýol pudagy sanly ulgamda», «Söwdada we logistikada sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti», «Türkmenbaşy halkara deňiz porty – logistikanyň altyn halkasy» ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Maslahatyň dowamynda howa ýollary, demir ýollary we awtoýollary gatnawlarynyň petekleriniň elektron-onlaýn satuwy, onlaýn hasaba alynmak hyzmaty, onlaýn ýük daşamak hyzmatlary, onlaýn taksi çagyrmak usuly, awtobuslaryň elektron tölegi, sanly resminamalary uzak möhletleýin saklaýan maglumat binýady, şeýle hem e.gov.tm Döwlet hyzmatlarynyň bitewi portalynyň üsti bilen jemagat, ýaşaýyş jaý, bank we hyzmatlaryň beýleki görnüşlerini ulanmak hem-de olaryň töleglerini onlaýn amala aşyrmak hyzmatlaryna bolan islegiň ýylsaýyn artýandygy nygtalyp geçildi.