Ï Diýara bolan söýgi suratlarda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Diýara bolan söýgi suratlarda

view-icon 6086
Diýara bolan söýgi  suratlarda
Diýara bolan söýgi  suratlarda
Diýara bolan söýgi  suratlarda
Diýara bolan söýgi  suratlarda
Diýara bolan söýgi  suratlarda
Diýara bolan söýgi  suratlarda
Diýara bolan söýgi  suratlarda
Diýara bolan söýgi  suratlarda
Diýara bolan söýgi  suratlarda
Diýara bolan söýgi  suratlarda
Diýara bolan söýgi  suratlarda
Diýara bolan söýgi  suratlarda

Nakgaş Merdan Kakabaýewiň suratlary Diýarymyza we medeni gymmatlyklarymyza bolan söýgini beýan edýär. Döwrümize mahsus belent ösüşleri, şol sanda Daşoguz welaýatynyň kaşaň binaly obadyr şäherlerini wasp edýän täze işlerinde-de bu aýdyň görünýär.

Merdan Kakabaýewiň natýurtmortlary hemişe özüniň pikiri hem-de suratyň kompozisiýasy bilen özüne çekýär. Onuň täze işleriniň birinde mele myssyk mukaddes çörek, hoşboý ysly gök çaýly çäýnek, käse, ullakan mejimedäki palaw bilen birlikde ak mermere beslenen täze binalaryň ençemesi şekillendirilipdir. Ol suratda dürli şekilleriň sazlaşygynda dogduk Diýaryň häzirki baýlygy-bolçulygy bilen milli däp-dessurlarymyzyň dowamat dowamlylygyny, türkmen halkynyň myhmansöýerligini wasp edipdir.

Onuň täze işlerinde dutar, gyjak, gopuz ýa-da tüýdük ýaly milli saz gurallary, türkmen halylary, türkmeniň ak öýüniň haly bezegleri, milli şaý-sepler, kitaplar şekillendirilipdir. Nakgaş halkymyzyň durmuşynda, köpasyrlyk taryhy bolan milli sungatymyzyň we medeniýetimiziň dünýäniň ösüşine asylly goşandy barada pikir ýöredýär.

Merdan Kakabaýewiň işleri diňe bir Daşoguz welaýatynda däl, eýsem ýurdumyzyň paýtagtynda geçirilýän dürli sergilerde goýulyp, sungaty söýüjileri özüne çekýär. Ol dürli žanrlarda çeken işleriniň ençemesini Daşoguz welaýat taryhy-ülkäni öwreniş muzeýine sowgat berdi.