mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

«Gülüň owadan!» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi

view-icon 1104

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň «Toý mekany» medeni-dynç alyş merkezinde, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde guramagynda «Gülüň owadan!» at bilen her ýyl geçirilýän bäsleşigiň jemleýji tapgyryna ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan çeper elli, zähmetsöýer gyz-gelinler gatnaşdylar. Bu geçirilen bäsleşik üç şertden ybarat boldy.

Birinjisi: türkmen milli keçesini taýýarlamagyň usullary we zerur bolan gurallaryň atlary barada, ýüň saýlap almak, saýmak, keçe gullemek, keçe salmak, keçedäki güller barada gürrüň bermek.

Bäsleşigiň ikinji şertine görä, welaýatlardan bäsleşige gatnaşýan gyz-gelinler gadymy nagyşlar bolan «Gyzyl tüýnük», «Saýlan», «Tazy guýruk», «Sekiz goçak», «Gapyrga» ýaly nagyşlary keçä salmak we olaryň aýratynlyklary barada aýtmaly.

Bäsleşigiň üçünji şertinde keçe bilen baglanyşykly taryhy maglumatlary, yrymlary we gadymy rowaýatlary gürrüň bermeli hem-de goşgudyr şygyrlar bilen aýdym-sazly gazallary ýerine ýetirip, eziz Diýarymyzy wasp etmek.

Bäsleşikde Lebap we Mary welaýatlaryndan gelen gyz-gelinler 3-nji orna, Balkan we Daşoguz welaýatlarynyň keçeçileri 2-nji orna, Ahal welaýatyndan bäsleşige gatnaşanlar 1-nji orna mynasyp boldular.

«Gülüň owadan!» bäsleşiginiň döwlet tapgyrynda Aşgabat şäherinden Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň esasy kitaphanaçysy Akjemal Saparowa, Aşgabat şäherindäki dil derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 87-nji orta mekdebiň başlangyç synp mugallymy Alma Orazmyradowa baş baýraga eýe boldular.

Ýeňijilere guramaçylar tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.