Ï Halyçylyk sungatynyň naýbaşy nusgalary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Halyçylyk sungatynyň naýbaşy nusgalary

view-icon 5031
Halyçylyk sungatynyň naýbaşy nusgalary
Halyçylyk sungatynyň naýbaşy nusgalary
Halyçylyk sungatynyň naýbaşy nusgalary
Halyçylyk sungatynyň naýbaşy nusgalary
Halyçylyk sungatynyň naýbaşy nusgalary
Halyçylyk sungatynyň naýbaşy nusgalary
Halyçylyk sungatynyň naýbaşy nusgalary
Halyçylyk sungatynyň naýbaşy nusgalary
Halyçylyk sungatynyň naýbaşy nusgalary
Halyçylyk sungatynyň naýbaşy nusgalary
Halyçylyk sungatynyň naýbaşy nusgalary
Halyçylyk sungatynyň naýbaşy nusgalary
Halyçylyk sungatynyň naýbaşy nusgalary
Halyçylyk sungatynyň naýbaşy nusgalary

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň arasynda yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşigine ýokary derejeli haly gölleriniň ýigrimiden gowyrak naýbaşy nusgalaryny döretdiler. Bäsleşigiň şerti boýunça olaryň on üçüsi ilkinji saýlama tapgyryndan üstünlikli geçdi.

Şu ýylky bäsleşikdäki saýlanan işleriň arasynda Aşgabadyň çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçylarynyň dokan halylary aýratyn gözelligi bilen saýlanýar. Türkmen halysy Milli muzeýiniň, Bäherdeniň, Daşoguzuň, Serdar şäheriniň, Esengulynyň, Berekediň we Marynyň çeper halyçylyk kärhanasynyň hem halylary özboluşly gölleri bilen tapawutlanýar. Halaç çeper halyçylyk kärhanasynyň çeper elli halyçylary çylşyrymly geometrik şekilli halylary bäsleşige hödürlediler.

Türkmenistanda haly dokamagyň syrlary maşgala gymmatlygy hökmünde nesilden nesle geçip, häzirki günlere ýetdi. Häzirem ýurdumyzda zehinli ýaşlar bu inçe senediň ussat halyçylarynyň kesbini yzygiderli dowam edýärler. Ýokary tehnolgiýalaryň durmuşa ornaşýan häzirki döwründe türkmen el halysy döwrüň ýörelgelerinden ugur alyp, täzeden täze döredilýän gölleri bilen ýokary çeperçiligiň belent nusgasy bolmagynda galýar. Muňa abraýly bäsleşige gatnaşýan işler hem şaýatlyk edýär.

Milli ýörelgelere baý halyçylyk sungaty gadymy döwürlerden bäri dünýäde şöhrat gazanyp gelýär. Türkmen halysynyň taryhy gadymyýetden çözbaş alyp gaýdýar. Türkmen halyçylygy taryha siňen müňlerçe ýyllaryň dowamynda sungat derejesine ýetirildi. Türkmen ruhunyň ylham çeşmesinden kemala gelen bu ajap eserler gözelligi, nepisligi bilen tutuş dünýäde halynyň gadryny bilýänleri özüne maýyl edýär. Türkmen milli halyçylyk sungaty ÝUNESKO - nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Halyçylyk sungaty ýurdumyzyň ýaşaýyş-medeni durmuşynyň aýrylmaz bölegidir we türkmen halkynyň medeni özboluşlylygynyň nusgasydyr.

Häzirki wagtda çeper halyçylyk kärhanalarynda 5 müňden gowrak halyçy zähmet çekýär. «Türkmenhaly» döwlet birleşiginde kärhanalaryň we guramalaryň 11-si, şol sanda el halylary dokalýan çeper halyçylyk kärhanalarynyň 8-si bar. Halyçylyk pudagy üçin hünärmenler kärhanalaryň özünde taýýarlanylýar.