mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

Haj parzyny berjaý eden türkmen zyýaratçylary Watanymyza dolanyp geldiler

view-icon 1410
Haj parzyny berjaý eden türkmen zyýaratçylary Watanymyza dolanyp geldiler

Gurban baýramynyň nurana günlerinde Mekgede we Medinede haj parzyny berjaý eden türkmen zyýaratçylarynyň topary Watanymyza sag-aman dolanyp geldiler.

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň degişli Buýrugyna laýyklykda, ähli musulmanlaryň nurana baýramynyň öň ýanynda ýurdumyzyň welaýatlaryndan we Aşgabat şäherinden bolan ildeşlerimiziň 275-si “Türkmenhowaýollary” agentligi tarapyndan guralan ýörite uçarda Saud Arabystany Patyşalygyna ugradylar we dünýäniň ähli künjeklerinden mukaddes Käbä sežde etmäge gelen zyýaratçylaryň köp sanlysynyň hataryna goşuldylar.

Zyýaratçylar Medinede Muhammet pygamberiň we onuň egindeşleriniň aramgählerine, belli metjitlere we beýleki keramatly ýerlere zyýarat etdiler. Olar Mekgede Zemzem çeşmesi, Al-Haram metjidi ýaly esasy mukaddes ýerlerde haj parzlaryny berjaý edip, togap dessuryna eýerdiler we mukaddes Käbäniň daşyndan aýlandylar.

Türkmen zyýaratçylary haj wagtynda sežde edip, Beýik Biribardan Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegini, halkymyzyň abadançylygyny, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan asylly işleriniň rowaç bolmagyny dileg etdiler.

Mähriban ýurdumyza sag-aman gaýdyp gelen ildeşlerimiz haj parzyny berjaý edenlerinde, Beýik Biribardan döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, uzak ömür, egsilmez gujur-gaýrat, Watanymyzyň bagtyýarlygynyň we gülläp ösüşiniň hatyrasyna alyp barýan ähli işlerinde üstünlikleri diländiklerini aýdyp, hormatly Prezidentimize özlerine beren goldawy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Şeýle-de zyýaratçylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna kabul edilen Ýüzlenmede Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly hajy Serdarymyzyň parasatly we öňdengörüjilikli baştutanlygynda bagtyýar halkymyzyň ahlak tämizligini ykrar edýän, jemgyýetiň ruhy durmuşyny baýlaşdyrmaga, her bir şahsyýetiň sazlaşykly ösmegine, ýaş nesillerde ýokary ahlak häsiýetleriniň kemala gelmegine ýardam berýän milli däp-dessurlarymyzy mynasyp dowam etdirmäge döredilýän mümkinçilikler üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyklaryny beýan etdiler.

Goý, ildeşlerimiziň mukaddes Käbä haj zyýaratyna gidip, ol ýerde eden doga-dilegleri Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun!