Ï “Ýüpek ýoly-2022” ralli ýaryşynyň we agyr atletika boýunça Aziýa çempionatynyň türkmen medalçylaryna Awazada sylag berler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

“Ýüpek ýoly-2022” ralli ýaryşynyň we agyr atletika boýunça Aziýa çempionatynyň türkmen medalçylaryna Awazada sylag berler

view-icon 4639
“Ýüpek ýoly-2022” ralli ýaryşynyň we agyr atletika boýunça Aziýa çempionatynyň türkmen medalçylaryna Awazada sylag berler

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň anna güni geçirilen giňişleýin mejlisinde Premýer-ministriň sport ugruna ýolbaşçylyk edýän orunbasary N. Amannepesowa “Ýüpek ýoly–2022” ralli ýaryşy we agyr atletika boýunça ýetginjekler (17 ýaşa çenli) hem ýaşlar (20 ýaşa çenli) arasynda geçirilen Aziýa çempionatynda baýrak alan sportçulary ýurduň ýolbaşçylarynyň adyndan sylaglamagy tabşyrdy. Baýrak gowşurylyş dabarasy 3-nji awgustda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriler.

Ýatladýarys. Şu aýda Russiýada geçirilen Astrahandan başlap, Moskwada tamamlanan “Ýüpek ýoly–2022” ralli ýaryşynda, dördüsi biziň ýurdumyzdan bolmak bilen, bäş topar ýaryşa çykan “T2 1000 kilometrden ýokary” dissiplinasynyň seriýaly ýolýasarlar ýaryşynda türkmen awtosuwarlary hormat sekisini tutuşlygyna eýeläpdi.

Sekiniň iň ýokary basgançagyna pellehana 48 sagat 47 minut 25 sekuntda gelen sürüji Merdan Toýlyýew we şturman Şöhrat Toýlyýew çykdy. Bu olaryň şunuň ýaly abraýly marafonda ilkinji ýeňşisi. Şamyrat Gurbanow (sürüji) we Muhametmyrat Gurbanow (şturman) pellehana olardan 7 minut 47 sekunt giç geldi. Ilkinji üçlügiň soňky halkasy bolan Maksatmyrat Daňatarow (sürüji) we Didar Orazmedow (şturman) dagy bolsa ýeňijilerden 3 sagat 59 minut 44 sekunt yza galdy.

Türkmenistanyň Awtomobil sporty federasiýasynyň ähli sportçulary “Nissan Patrol” awtoulaglarynda çykyş etdiler.

Ýakynda Daşkentde tamamlanan ýaşlar we ýetginjekler arasynda agyr atletika boýunça Aziýa çempionatynda türkmen sportçulary bol “medal hasylyny” ýygnadylar, bu ýaryşda baýrak almak ugrunda birbada iki ýaş toparynda 21 ýurtdan 261 sportçy bäsleşdi.

Türkmen agyr atletikaçylary maksatnamanyň ähli görnüşleriniň jemi boýunça, jemi 20 medal (6 altyn, 7 kümüş we 7 bürünç) gazandy. Biziň toparymyzdan iň ýokary derejeli baýraklara iň kiçi ýaş toparyndan (17 ýaşa çenli) Aşgabadyň 104-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Medine Amanowa (agramy 64 kg çenli) we Aşgabadyň 20-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Saparly Muhyýew (89 kg çenli) mynasyp boldy.