mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidentini gutlady

view-icon 2353

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowa we ähli tatar halkyna Bütindünýä tatar kongresiniň döredilmeginiň 30 ýyllygy hem-de onuň VIII gurultaýynyň öz işine üstünlikli başlamagy mynasybetli gutlaglaryny iberdi.

“Russiýanyň dürli sebitlerinde we dünýäniň köp ýurtlarynda ýaşaýan tatar halkynyň wekilleriniň köp sanly jemgyýetçilik guramalaryny birleşdirýän Bütindünýä tatar kongresi geçen döwrüň dowamynda uly üstünlikleri gazandy. Ol tatar halkynyň baý hem-de özboluşly medeniýetini gorap saklamakda we ýaýratmakda, Tatarystanyň milli medeni ösüşinde — diliň, ylmyň, bilimiň ösdürilmeginde bahasyna ýetip bolmajak ähmiýete eýedir” diýlip, gutlagda bellenilýär.

Halk Maslahatynyň Başlygy öz işine üstünlikli başlan VIII gurultaýyň hem tatar halkynyň medeni däplerini gorap saklamaga we ösdürmäge aýratyn goşant goşjakdygyny belläp, Prezident Rustam Minnihanowa berk jan saglyk, abadançylyk hem-de täze üstünlikleri, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň halkyna bolsa mundan beýläk-de gülläp ösüş we rowaçlyk arzuw etdi.