Ï Awazada dynç alyş möwsümi dowam edýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Awazada dynç alyş möwsümi dowam edýär

view-icon 6495
Awazada dynç alyş möwsümi dowam edýär

Hazar deňziniň türkmen kenaryny bezeýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda şu günler tomusky dynç alyş möwsümi gyzgalaňly dowam edýär.

Syýahatçylyk zolagyna dynç almaga gelýänleriň sany barha artýar. Olar dynç alyş we sagaldyş binalarynda döredilen ähli amatlyklardan peýdalanýarlar. Dynç almaga gelýän raýatlar deňziň kenarynda gezelenç edip, hoştap howadan dem almagy – dynç alşyň egsilmez lezzeti hasaplaýarlar.

Bu ýerde guralýan medeni-sport çäreleriň, şadyýan bäsleşikleriň şowhuny bu ajaýyp zolagyň çar künjegini gurşap alýar. Bu çäreler Awazadaky «Ahal», «Balkan», «Daşoguz», «Lebap», «Mary» şeýle hem Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkeziniň «Daýanç» we Türkmenbaşynyň Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň «Arzuw» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde hem ýokary derejede ýaýbaňlandyrylýar. Dynç alýanlar «Awaza» akwoparkynda hem-de «Älemgoşar», «Jadyly kenar», «Deňiz merjeni» atraksionly seýilgählerinde gezelençlerde bolup, wagtlaryny hoş geçirýärler.

Hazaryň kenarýaka giňişliklerinde, «Awaza» derýasynda gämileriň, gaýyklaryň, katamaranlaryň dyngysyz hereketi aýdym-sazly çykyşlaryň şowhuny bilen utgaşýar. Gyzykly dynç alyşda welosipedli gezelenç etmek üçinem hemme amatlyklar döredilen.

«Awaza» derýasynyň kenarynda ýerleşýän «Gämiler dünýäsi» muzeýi hem gelim-gidimli ýer hasaplanýar. Muzeýdäki dürli görnüşli gämi maketleri dünýäniň suw giňişlerinde irki döwürlerde hereket eden ulaglaryň, şol sanda häzirkizaman gämileriň taryhyndan söz açýar. Olar hakynda taryhy maglumatlary bilmek we öwrenmek her bir syýahatçy hem-de jahankeşde üçin gyzykly.

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda döredilen ähli şertler diňe bir tomus aýlarynda däl, eýsem ýylyň beýleki pasyllarynda dynç almaga mümkinçilik berýär. Ýurdumyzyň raýatlary, daşary ýurt myhmanlary bu ýerde döredilen döwrebap mümkinçiliklerden peýdalanyp, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alyp bilýärler.