Ï Köýtendag ‒ täsinliklerden doly dag
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Köýtendag ‒ täsinliklerden doly dag

view-icon 31512
Köýtendag ‒ täsinliklerden doly dag

Uzynlygy 100 kilometre golaý bolan Köýtendag Türkmenistanda iň beýik dagdyr. Ýurdumyzyň iň belent nokady ‒ deňiz derejesinden 3139 metr ýokarda howalanýan Aýrybaba gerşi şu dagda ýerleşýär. Gadymy türkmen dilinden terjime edilende, dagyň ady “çuňňur gury hanalar dagy” diýmegi aňladýar. Bu at daga köpsanly kert gaýaly çuň jülgeleri sebäpli berlen bolmaly, çünki ol ýerlerde ýokary seredeniňde diňe asmanyň inçejik zolagyny görýärsiň.

Dag ulgamynyň günbatar eňňitlerinde karstlaşma güýçli ösen. Onuň çür başyna çykmak örän kyn iş, çünki onuň ýoly örän dik we kötel, jülgeleriň düýpleri bolsa opurylan gaýalaryň äpet harsaňlaryndan doly. Özi-de käbir jülgäniň çuňlugy 100 metrden hem geçýär. Her jülge beýlekilerden ösümlik dünýäsiniň aýratynlygy bilen tapawutlanýar. Şu sebäpli-de bu ýerler uly ylmy we jahankeşdelik ähmiýetine eýedirler.

Köýtendagyň gündogar eňňitlerine adam barar ýaly däl diýseňem boljak. Olar kert uçutlardan ybarat.

Köýtendag jahankeşdeler üçin, ilkinji nobatda, dinozawrlaryň özboluşly tekiz belentligi sebäpli gyzykly. Ol ýerde birnäçe million ýyl mundan öň ot iýýän dinozawrlaryň doňup galan aýak yzlary saklanyp galypdyr.

Bu tekiz belentligi öwrenen alymlar bu yzlaryň gadymy dinozawrlaryň ýalpak deňiz kenarynda goýup giden özboluşly “gollarydygyny” kesgitlediler. Wagtyň geçmegi bilen, dinozawrlaryň yzlary doňup, daşa öwrülipdir, millionlarça ýyldan soň bolsa ýer gabygynyň süýşmesi zerarly, ýüze çykypdyrlar. Bu günki gün öz gözüň bilen hünärmenleriň taýsyz hasaplaýan 2500-den gowrak aýak yzyny görmek bolýar.

Köýtendagyň gowaklary, ilkinji nobatda, stalaktitleriň we stalagmitleriň köplügi bilen gyzyklydyr.

Bu dag gerşiniň käbir bölegi ýer ýüzünde hek döwründe, käbir bölegi bolsa Ýura döwründe emele gelipdir, şonuň üçin-de Köpetdagdan has uludyr.