Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi M.Aýazow Liwan Respublikasynyň Prezidenti Mişel Auna şol bir wagtyň özünde Türkmenistanyň Liwan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi hökmünde (oturýan ýeri Ýerewan şäheri) özüniň ynanç hatlaryny dabaraly ýagdaýda gowşurdy.
Dabaranyň dowamynda bolup geçen gürrüňdeşlikde Ilçi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Liwan Respublikasynyň Prezidenti Mişel Aunyň adyna ýollan salamlaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Duşuşygyň dowamynda Liwan Respublikasynyň Prezidenti Mişel Aun Türkmenistanyň Prezidentine gyzgyn we mähirli salamlaryny ýetirmegi haýyş etdi hem-de Türkmenistan bilen Liwan Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň has-da berkejekdigine uly ynam bildirdi.