Ï Döwlet Baştutanymyzyň adyna gelen hatlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Döwlet Baştutanymyzyň adyna gelen hatlar

view-icon 4358

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Täze, 1444-nji hijri-kamary ýylynyň ýetip gelmegi mynasybetli Siziň Alyhezretiňizi tüýs ýürekden gutlamak hem-de iň gowy arzuwlarymy beýan etmek mende ägirt uly kanagatlanma duýgusyny döredýär.

Beýik Allatagaladan Size berk jan saglyk we bagtyýarlyk, musulman ymmatynyň halklaryna bolsa hoşniýetlilik, abadançylyk, rysgal-bereket dileýärin.

Size tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.

Siziň doganyňyz,

Mohammed bin Zaýed AL NAHAÝÝAN,

Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti.


* * * 


Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Täze, 1444-nji hijri-kamary ýylynyň ýetip gelmegi mynasybetli Siziň Alyhezretiňizi tüýs ýürekden gutlamak hem-de iň gowy arzuwlarymy beýan etmek mende ägirt uly kanagatlanma duýgusyny döredýär.

Beýik Allatagaladan Size berk jan saglyk we bagtyýarlyk, musulman ymmatynyň halklaryna bolsa hoşniýetlilik, abadançylyk, rysgal-bereket dileýärin.

Size tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.

Siziň doganyňyz,

Mohammed bin Raşid AL MAKTUM,

Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, 

Premýer-ministri, Dubaýyň häkimi.


* * *


Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Täze, 1444-nji hijri-kamary ýylynyň ýetip gelmegi mynasybetli Siziň Alyhezretiňize iň gowy arzuwlarymy we tüýs ýürekden gutlaglarymy ýollaýaryn.

Beýik Allatagaladan Size berk jan saglyk we bagtyýarlyk, dostlukly türkmen halkyna we musulman ymmatyna bolsa ýagşylyk, rysgal-bereket dileg edýärin.

Muhammad Ýunus AL-MANFI,

Liwiýanyň Prezident Geňeşiniň Başlygy.