mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

Mekdep bazarlary işläp başlady

view-icon 4311
Mekdep bazarlary işläp başlady
Mekdep bazarlary işläp başlady
Mekdep bazarlary işläp başlady
Mekdep bazarlary işläp başlady
Mekdep bazarlary işläp başlady
Mekdep bazarlary işläp başlady
Mekdep bazarlary işläp başlady
Mekdep bazarlary işläp başlady
Mekdep bazarlary işläp başlady
Mekdep bazarlary işläp başlady
Mekdep bazarlary işläp başlady
Mekdep bazarlary işläp başlady

Paýtagtymyzda, welaýat merkezlerinde we obalarda 3-nji awgustda mekdep bazarlary açyldy, olary Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi gurady.

Haryt öndüriji kärhanalar okuw möwsümine mekdep lybaslaryny, möwsümleýin we sport aýakgaplaryny taýýarladylar. Türkmenabadyň, Berekediň tikin fabrikleri, Daşoguzyň «Çeper» fabrigi bu işe saldamly goşant goşdular. Aşgabadyň «Bahar» tikinçilik kiärhanasynda okuwçy gyzlar üçin öňlük, köýneklerdir penjekler we zähmet sapagy üçin öňlükler tikildi. «Ahal» fabrigi bolsa oglanlar üçin mekdep lybaslaryny taýýarlady. Marynyň «Ýeňiş» fabriginde oglanlar üçin ak köýnekleri tikmek ýola goýuldy.

Mekdep bazarlarynda kiçi ýaşly mekdep okuwçylary üçin ýerli kärhanalaryň öndüren arassa gönden ýokary hilli aýakgapalry hödürlenýär. Okuw möwsümi üçin Marynyň «Röwşen» kärhanasy 30-njy ölçegden 39-njy ölçege çenli aýakgaplaryň 30 müň jübütden gowragyny taýýarlady. Olar 40 göterim arzanladyş çenli arzan bahadan satylýar.