Ï Gender deňligi ösdürmek boýunça seminar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Gender deňligi ösdürmek boýunça seminar

view-icon 5618
Gender deňligi ösdürmek boýunça seminar

2022-nji ýylyň 2-3-nji awgustynda Türkmenbaşy şäherindäki «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda gender deňligi boýunça iki günlük maslahat geçirildi. ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkezi tarapyndan «Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň mümkinçiligini berkitmek» taslamasynyň çäginde guralan bu çärä ýurdumyzyň degişli döwlet edaralarynyň wekilleri, halkara we milli hünärmenler gatnaşdy.

Maslahatyň dowamynda oňa gatnaşýanlar ähli ugurlar boýunça aýallaryň we erkekleriň arasyndaky deňligi kepillendirýän milli kanunçylygy, şeýle hem 2021–2025-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň gender deňligi boýunça Milli Hereket meýilnamasynyň durmuşa geçirilişi bilen tanyşdylar. Ara alyp maslahatlaşmalarda Türkmenistanyň BMG-niň doly hukukly agzasy bolmak bilen, halkara konwensiýalara we bu ugurdaky milli kanunçylyga laýyklykda, gender deňligini milli maksatnamalara we strategiýalara birleşdirýändigi we aýal-gyzlaryň hukuklarydyr mümkinçiliklerini giňeldýändigi bellenildi.

ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkezi milli kanun çykaryjy we hukuk goraýjy edaralary, jemgyýetçilik guramalary we kärdeşler arkalaşyklary bilen gender deňligi babatyndaky borçnamalary ýerine ýetirmek üçin Türkmenistanyň degişli jogapkär edaralaryna we gyzyklanýan taraplaryna bilermen we hukuk maslahatlaryny bermek arkaly, gender deňligini ösdürmekde hyzmatdaşlyk edýär. Merkez 29-njy iýulda Türkmenistanyň Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekilleriniň gatnaşmagynda ýerli adam hukuklary guramalarynyň (MAHG) aýal-gyzlaryň hukuklaryny goramakda we gender deňligini ösdürmekde tutýan orny barada onlaýn maslahatyny gurady.