Ï «Gyzyl kürte» filmi Ýekaterinburgda geçiriljek Halkara festiwalynda görkeziler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Gyzyl kürte» filmi Ýekaterinburgda geçiriljek Halkara festiwalynda görkeziler

view-icon 11212
«Gyzyl kürte» filmi Ýekaterinburgda geçiriljek Halkara festiwalynda görkeziler

Türkmen režissýory Sahysalyh Baýramowyň «Gyzyl kürte» çeper filmi 12 – 18-nji awgust aralygynda Ýekaterinburgda geçiriljek Ýewraziýa yklymynyň öň görkezilmedik filmleriniň «Altydan biri» atly Birinji Halkara film festiwalynyň çäginde görkeziljek filmleriň maksatnamasyna girizildi.

«Gyzyl kürte» çeper filmi türkmen halkynyň milli gymmatlyklaryna hormat goýmak ruhunda düşürilipdir. Durmuşdan alnan bu hekaýatda ýanýoldaşy urşa giden oba gyzynyň ykbaly hakynda gürrüň berilýär. Hatlarynyň birinde esger ýigit gelninden gyzyl kürtesini – milli bezegler bilen bezelen toý lybasyny aýyrmazlygy haýyş edýär.

Türkmenistanly kinosöýüjiler Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» döredijilik birleşiginde döredilen täze filme baha berip ýetişdiler. Ýurdumyzda filmiň görkezilişi şu ýylky Medeniýet hepdeliginiň çäginde bolup geçdi.  Film şu ýylyň iýul aýynda Türkiýede geçen TÜRKSOY halkara film forumynyň daşary ýurt giňişliginde-de görkezildi.

– Biz alyp barýan işlerimiz barada Türkmenistanda-da, daşary ýurtlarda-da köp oňyn pikir eşitdik – diýip, režissýor Sahysalyh Baýramow gürrüň berdi. – Häzirki wagtda geljekki film üçin täze edebi ýazgynyň üstünde işleýäris we elbetde,»«Gyzyl kürte» filmimizi Uralyň paýtagtynda görkezmäge taýýarlyk görýäris.

«Altydan biri» film festiwalynyň giň maksatnamasynda 20-den gowrak daşary ýurt çeper we dokumental filmleri bar. Şolar bilen bir hatarda multiplikasion filmleriň görkezilmegi-de meýilleşdirilipdir. Döredijilik meýdançasynda film forumyna gatnaşýanlar häzirki zaman kinosenagatynyň möhüm meselelerine garap geçerler we aktýor hem ssenariý barlaghanalaryna baryp görerler. Özbegistanly, gyrgyzystanly, horwatiýaly, günorta koreýaly we russiýaly hünärmenleriň çykyş etmegine-de garaşylýar.

Film festiwalynyň emin agzalarynyň arasynda aktrisa Ýuliýa Snigir (Russiýa), Pusan halkara film festiwalynda Russiýa we Merkezi Aziýa kinosy boýunça geňeşçi Hoň Sanwu (Günorta Koreýa), Moskwa film festiwalynda «Ogul» filmi üçin baş baýraga mynasyp bolan režissýor, prodýuser, ssenariýeçi Mehdi Färd Gaderi (Eýran) we başgalar bar.

Bäsleşik maksatnamasynyň çäginde ýeňijiler dört ugur boýunça kesgitlener.