mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm

Milli we döwrebap lybaslaryň görkeziliş dabarasy geçirildi

view-icon 2977

Paýtagtymyzdaky «Gül zaman» medeni dynç alyş merkezinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde Aşgabat şäherini ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna «Dizaýn» ulgamy bilen girizmek babatynda alnyp barylýan köpugurly çäreleriň çäklerinde «Aşgabat Dizaýn Moda - 2022» atly milli we döwrebap lybaslaryň görkeziliş dabarasy geçirildi.

Aşgabat şäher häkimligi we ÝUNESKO-nyň işleri baradaky Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariaty tarapyndan «Aşgabat – dizaýn şäherim» taslamasy esasynda guralan bu dabarada Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň we «Gül zaman» modalar öýleriniň 2022-nji ýylyň ýaz-tomus möwsümleri üçin ökde dizaýnerler tarapyndan taýýarlanylan milli we döwrebap lybaslaryň taslamalary, Aşgabat şäherindäki modalar öýüniň dürli görnüşli dabaralar üçin, zenanlara, çagalara niýetlenen lybaslarynyň uly toplumy görkezildi.

Türkmen zenanlarynyň biri-birinden özboluşlylygy bilen tapawutlanýan üýtgeşik owadan el hünärleriniň täze toplumlaryny açyp görkezmek we merjen şäherimiziň gözelligi bilen utgaşyp, ajaýyp milli mirasymyzyň hazynasyny döretmäge we ony baýlaşdyrmaga itergi berýän, däbe öwrülen milli we döwrebap lybaslarymyzy wagyz etmekde bu çäräniň ähmiýeti has-da uludyr.

Şonuň ýaly-da ýurdumyzyň raýatlarynyň, ylaýta-da türkmen gelin-gyzlarynyň dizaýn gözelligine, sungatyna bolan höwesini artdytmakda, milli lybaslarda häzirki zaman dizaýn garaýyşlary ornaşdyrmakda, her pasla mahsus döwrebap lybaslary saýlamagy öwretmekde hem uly täsiri bardyr.

«Aşgabat Dizaýn Moda – 2022» atly milli we döwrebap lybaslaryň görkeziliş dabarasynyň ýene-de bir aýratynlygy, gözellligi döredýän türkmen zenanlarynyň häzirki zaman Modeller dünýäsinde öz mynasyp ornuny eýelemegine ýol açmagydyr, türkmen milli lybaslaryny daşary ýurtlara çykarmagy, tanatmagydyr. Bu hem öz gezeginde türkmenistanda alnyp barylýan gender deňligi syýasatynyň dabaralanmagyny üpjün edýär, ýurdumyzda, şol sanda gözelligiň mekany bolan Aşgabat şäherimizde dizaýnerçilik hereketiniň işjeňleşmegine, dizaýn ulgamynyň täze düzümleriniň döremegine, netijede, ak mermere beslenen paýtagtymyz Aşgabadyň Dizaýn şäher hökmünde halkara sanawyna girmegine giň ýol açýar.

Çärä gatnaşyjylar merjen şäherimiz Aşgabadyň häzirki zaman gözel keşbiniň kemala gelmeginde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary üçin hoşallyk sözlerini aýdyp, şahyrana çeper sözleri bilen şäheriň waspyny ýetirdiler.